>
Turkmenyurttv

Туркменистан: Страна Рабства в Стиле Восточного Ханства при Харамдаге-Бердымухамедове

Автор: turkmenyurt

Дата: 27 Окт 2018

Выступление Юлии Серебрянник на заседании ОБСЕ в Варшаве. Пленарное заседание посвящено вопросам демократии и институтам демократии.

TKM
Yulia Serebryannik:

Özuni ynsan hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goyyan, demokratik döwlet diyip yglan eden Turkmenistan, iş yuzunde diktator dolandyryşly yurda öwruldi. Häkimiyetiň ähli pudaklary diktator Berdimuhammedowyň hem-de onuň yakyn golayyndaky adamlaryň ellerinde jemlenen.

Yurtda Hemme zat adam uçindir diylen şygar yglan edilenligine garamazdan, hakykat yuzunde döwlet diňe bir adama we onuň yakyn garyndaşlaryna degişli.

Hökumet işgärleriniň kemsidilmelere nä derejede sezewar edilyänligini Merkezi Tele yaylymlaryň gundelik beryän göni habarlarynda synlap bilersiňiz. Döwlet işgärleriniň Berdimuhammedowyň öňunde iki epilip yaranjaňlyk bilen tagzym edişlerini gundelik görmek bolyar.

Ustumizdäki yylda, Mejlise bolan saylawlar nä derejede geçirildi? Mysal uçin, işçi sany 3 muňe, ya-da ondan-da köp adama yetyän, äpet uly gurluşyk kärhanalarda işleyän gurluşykçylaryň iş yerlerine 4 sany saylaw sandygy getirilyär. Emma hiç bir işgär ya-da gullukçy adam öz iş yerinden hiç yere gitmeyär. Yene-de iki sagatdan içi eyyäm doldurylan yaňky sandyklary gurluşyk edarasyndan alyp gidyärler. Turkmenistanyň ähli kunjunde-de yagday, edil şunuň yaly. Harby goşunda-da on muňlerçe esger öz harby borjy bilen meşgul,emma olaryň adyndan ses berilip yygnalan galp byulletenler eyyäm sandykda yatyr. Bu gözboyagçylyk diňe Halkara Jemgyyetçiliginiň gözune çöp atmak uçin edilyär. Hamana, yurduň rayatlary uly höwes bilen saylawlara gatnaşyar diyip görkezmek uçin. Emma kimiň saylanjagy hemmä öňunden mälim bu çäre barada hiç yerde agzalmyar. Döwlet edaralarynda işleyän byudjet işgärleri bolsa, işden boşadylmak howpy astynda saylawlara gatnaşmaga, hem-de öňunden belgilenen byulletenleri sandyga oklmaga mejbur edilyärler.

Howwa, BMG-äniň, ya-da YHHG-nyň yygnaklarynda Turkmenistanyň resmi wekilleri dunyä standartlaryna layyk,jemgyyeti özgerdiş demokratik kada-kanunlaryň yurtda kabul edilenligini nygtayarlar we tekrarlayarlar.

Kanunlar bar, emma yurtda diydimzor diktatura hökum suryär.
Howwa, bu yurtda Demokratiya we Hukuk baradaky milli institut hem bar, yöne bu edara Halkara jemgyyetçiligini aldawa salmak uçin diwardan asylan bir boş yazgydan başga hiç zat däl.

Yurduň rayatlary bu edara hernäçe yuz tutsalar-da beren soraglaryna we yuzlenmelerine ne dogry-durs duşundiriş, ne-de idili bir jogap alyp bilmeyärler.

Şu zalda, 2002-nji yylda, Adalatlyk ministrliginde rayatlary kabul eden bir zenan otyr. Men bu zenanyň kabulhanasynda boldum. Ol maňa hiç bir kömek etmedi, meniň beren ähli soraglaryma,-Biziň yurdumyzda ähli meseläni diňe bir adam, prezident çözyär diyip, jogap berdi.
Iş yuzunde, baky bitarap durumy bolan döwlet, patyşa Berdimuhammedowyň hem-de onuň tohumynyň dolandyryan hanlygyna öwruldi.

Häkimiyeti atasyndan ogluna miras geçirmek uçin yurt içinde gaty uly işler alnyp barylyar. Häzirki wagtda diktator Berdimuhammedowyň ogly Serdar Daşary Işler ministriniň orunbasary, hem-de Mejlisiň deputaty wezipelerini eyeleyär.

Berdimuhammedowyň yolbaşçylyk etmeginde Turkmenistanyň hökumeti islendik Halkara we Hökumetara duşuşyklarda Turkmenistany ynsan hukuklaryna sarpa goyyan,demokratik gymmatlyklary hormatlayn döwlet diyip yglan edyär. Iş yuzunde bolsa Turkmenistan, orta asyr gulçulyk duzgunlerini gysga taryhy wagtyň dowamynda gaytadan dikelden yurt bolup dur.
————————————————————————-

TamTam Channel
https://tt.me/turkmenyurttv

Telegram Channel
https://t.me/Turkmenyurttv

Website:

Главная

Facebook:
https://www.facebook.com/turkmenyurttv

OK.RU
https://www.ok.ru/turkmenyur

VK.RU
https://vk.com/turkmenyurttv

Автор: turkmenyurt

Дата: 27 Окт 2018

Категории: Видео Культура Новости Политика