>
Turkmenyurttv

Туркменистан: Анонс Итогов Работы Правозащитников На ОБСЕ

Автор: turkmenyurt

Дата: 23 Сен 2019

RUS

На прошедшем заседании ОБСЕ правозащитник обсуждали вопросы свободы СМИ, безопасности журналистов, а также вопросы мирных собраний и митингов. Выступали представители организации «Права и свободы граждан Туркменистана» Д.Серебрянник, Ю.Серебранник, Г.Кяризов, а также представители Туркменского Хельсинского Фонда Т.Бегмедова и А.Хаджиев. В заседании также принял участие “независимый” журналист из Туркменистана, Довлетмурад Язгулиев. 

TKM

Hormatly Turkmenistanlylar!

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geçiren nobatdaky maslahatynda biziň guramamyzyn agzalarynyň eden çykyşlarynyn gysgaça mazmunlaryny agzasak,

Yulia Serebryannigin çykyşy žurnalistlere abanýan howplardan goramak barada boldy.

Diana Serebryannigin çykyşy bolsa, habar beriş serişdeleriniň azatlygy bilen bagly boldy.

Men bolsa, raýatlaryň demonstrasiýalara we mitinglere, ýygnaklara gatnaşmak hak hukuklary barada çykyş etdim.

(Y. Serebryannigin çykyşyndan bir parça).

Men siziň unsungizi ýurt içinde bolup geçýän praktiki ýagdaýa çekmekçi bolýaryn. Haçanda, daşary ýurtly žurnalistler Türkmenistana gelen pursatyndan başlap olaryň gapdalyna Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň resmi işgärlerinden ýörüte gözegçiler bellenilýär we olaryň rugsady bolmazdan, gelen myhmanlar şäher içinde özbaşdak bir ädim hem ädip bilenoklar. Olara ýurduň raýatlary bilen gürleşmek, doly gadagan!

(D. Serebryannigin çykyşyndan bir parça).

Türkmenistanyň raýatlarynyň habar beriş çeşmelerden maglumatlary almaga we öz pikir-düşünjelerini erkin beýan etmäge doly haky bar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyng 43- nji maddasyna laýyklykda, demonstrasiýa, miting we yygnaklary gurnamak üçin resmi rugsat tekrarlanyan hem bolsa, we ol rugsat barada aýratyn düzgün nama barlygyna garamazdan, hakykat ýüzünde, Türkmenistanyň hökümeti resmi Garaşsyzlygy alany bäri bu mesele boýunça halkymyza hiç bir ýol bermedi, berilenok,beriljege-de meňzänok.

Umumy, uç günüň işini jemlesek, bizden başgada, halkyň hak-hukuklary üçin iş alyp barýan Annadurdy Hajyyew we Täjigul Begmedowa hem çykyş etdiler. Olaryň çykyşlary hem Türkmenistanyň problemalary bilen bagly boldy.

(T. Begmedowa)  

Žurnalistl Soltan Açylowanyng durmuşynda bar bolan problemalaryň näme çözgüdi bar? Bu zenanyng ykbaly bilen bagly bolan yzy üznüksiz gürrüňlerden anyk hereketlere geçeliň. S.Açylowany şu ýylyň tomsunda hem ýurtdan goybermediler.

(A. Hajyyew)

Şol wagtyň dowamynda, biziň Türkmenistan resmi wekillerine beren sowallarymyza, jogap bermäge olary mejbur etdi.

Yene-de, bu geçirilen maslahatlaryň arasynda täsin duşuşyklaryň biri, ol hem Türkmenistanyň içinden gelen resmi «garaşsyz» žurnalist.

 «Men Türkmenistanyň içinden gelen, garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Yazgulyyew. Türkmenistan ýurt daşyndaky internet saýtlaryň çişirip aýdyşy ýaly däl. Hakykatda, beýle agyr ýagdaý ýok.»

Belläp geçmeli zat, biz Döwletmyrat Yazgulyyew bilen hem söhbetdeşlik geçirdik.

Inhe hormatly watandaşlar, geljek we ondan soňky heptede, biz maslahatlara gatnaşip, eden dokladlarymyz barada size habar ýetirers. We şoň esasynda Türkmenistan raýatlaryň öňüňde, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara maslahatynda milletimiziň hak-hukuklaryny goramak barada alyp barýan işimiziň mazmunyny, halkymyzyň öňüňde hasabat hökmüňde Internet arkaly ýaýradars.

Автор: turkmenyurt

Дата: 23 Сен 2019

Категории: Видео Новости Политика