>
Turkmenyurttv

Yol Gurluşygyndan Haramdagyň Tohumynyň Jubusine Näçe Pul Duşyär?

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 11 Mar 2019

10.03.2019. Halmyrat Söyunow, Şweçiya.

Hormatly watandeaşlar! Haramdagyň tohumynyň gurluşyk pudagynda döwletiň gaznasyndan her yyl ogurlayan milliardlarça dollarlarynyň diňe birisiniň ustunde durup geçmekçi bolyaryn. Bu gozgaljak mesele S.Berdimuhammedowyň yglan eden yol gurluşygy bilen baglanşykly. Men yaşlyk döwrumde Gyzylarbadyň 5-nji yol gurluşyk edarasynda 3 yyl işledim hem-de Gyzylarbat-Garrygala, Gazanjyk-Gumdag aralygyndaky yollaryň gurluşygyna göni gatnaşan adam hökmunde,yol gurluşyk meselesinde yeterlik tejribäm bar.

Indi, S.Berdimuhammedowyň bahasy 2 milliard 300 million dolar diyip yglan eden yol gurluşygyna dolanyp gelsek, Turkmenistanyň geografik we toprak duzumini göz öňune tutsak, onda jemi uzaklygy 600 km bolan bu gurluşaga sarp edilmeli pul harajaty, pesinden iki esse artdyrylyp yazylypdyr diyip aytmaga esas bar.

Geliň deňeşdirmek uçin anyk mysal hökmunde Rusyet Federaçiyasyny alyp göreliň. Tokayly,batgaly,dagly we garly yurtda gurulyan täze yoluň her bir kilometri artdyryp yazamalary bilen alanyňda-da 800.000 amerikan dollaryndan aňry geçmeyär.Emma, näme uçindir eliň ayasy yaly takyr meydanly, toyun we çägesöw toprakly Turkmenistanda yol gurluşygyna edilyän harajat Rusyet bilen deňeşdireňde, tasdanam 5 esse gymmat,yagny,3.750.000 dollar bolyar?

Eger-de, bu iki döwletiň arasyndaky geografiki we tebygy ayratynlyklary göz öňune tutsak, onda, Turkmenistanyň yol gurluşygyna edilyän çykdajy Rusyetiňkiden hem iki esse arzan bolaymaly yaly.

Yene-de bir uns berilmeli mesele, yol gurluşygyna zerur bolan toprak, çagyl, çement, bitum,asfalt,polietien örtgi, bularyň ählisini Turkmenistanyň özi önduryär. Yol gurluşykda ullanylmaly ähli tehnikada, Haramdagyň yegeni Şammy şumurda bar. Daşary yurtdan diňe demir-armatur önumlerini import etmeklik yeterlik.

Artdyryp yazmalardan başga-da yol gurluşygynda, smeta-da görkezilen garyndalary kemeldip duşemek gözboyagçylygy-da bar. Meselem, yol seňňeriniň gum duşeginiň beylikligi 1 metr bolmaly bolsa, ol beyiklik hakykatda,80-85 sm-den aňry geçmeyär. Çagyl duşek 10 sm. deregine 7-8 sm duşelyär. Asfalt galyňlygy 5 sm bolmaly bolsa, ol 3-4 sm-dan artyk duşelmeyär. Netijede, artdyryp yazmalardan daşgaryn, kemter duşelen garyndalaryň hasabyna yene-de yuzlerçe million dollar döwlet gaznasyndan ogurlanyar.

Yene-de aydylmaly bir zat, Aşgabat-Turkmenabat aralygynda tä Mara çenli bar bolan asfalr yoly diňe giňeltmek yeterlik, diymek 350 km aralyga edilmeli çykdajy has-da az bolmaly.

Ine hormatly watandaşlar, diňe bir yoly gurmakda Haramdagyň, onuň ogly Serdar misginsokaryň we yegeni Şammy şumuryň bir milliarddan-da aňry geçyän walyuta ogurlygynyň taryhy şu aydylanlardan ybarat.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 11 Mar 2019

Kategoriýalar: SYYASAT TÄZELIKLER