TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
09 Mar 2022Awtor: turkmenyurt
Senesi: 12 May 2017
Yakyn gunlerde halkyň aňyna siňdirmek maksady bilen Berdimuhammedow tarapyndan planlaşdyrylan, bir köşk yazyjysynyň adyndan ile yayradylan bir täzelikde,Turkmenistanyň döwlet gerbinde şekili yerleşdirilen meşhur Yanardagyň döreyiş taryhyna täzeden baha berilyär. Makala-da,Yanardagyň döreyiş taryhy hamana Gurbangula ilteşigi bar bolan Aba Annayewe degişlidigi nygtalyar.
Diymek,sport oyunlarynyň ähli görnuşleri boyunça yeke-täk bilermen,edebiyat we sungat äleminde deň-taysyz ussat Gurbanguly, indi Yanardagyň döreyşine-de eye çykyan adam bolyarda? Elbetde, diktatoryň gazabyna duçar bolup galan ömruňi Owadan-Depede öturmejek bolsaň onda,Yanardagyň hak eyesi,atşynas Geldi Kärizowyň adyny il arasynda agzamak mumkin däl. Bu gadagançylyk diňe Geldi Kärizow bilen çäklenmeyär,atçylykda Fakir-Pälwan uguryny we Yanardagyň ady belli atasy Aygytlyny döreden W.P.Şamborantyň hem adyny agzamak, Turkmenistanda gadagan.
Ahal-teke atlarynyň janköyeri,” Soçializm” kolhozynyň öňki başlygy, merhum Guwanç Orazow öz döwrunde Dagystana gidip şol yerde W.P.Şamborantyň athanasyndan Aygytlyny satyn alyp Turkmenistana getiripdi.
Gökdepe rayonynyň “Maksim Gorkiy” kolhozynyň seyisi Geldi Annalyyew bolsa meniň maslahatym we teklibim bilen,Aygytlyny satyn alyp öz kolhozynyň baytallaryna höwre çekipdi. Hut şu kolhozda Yanardagyň kakasy,meşhur Yalkymly dunyä inipdi.Haçanda men “Ahal-Yurt” atçylyk firmasyny döredenimde,ilkinji atlaryň hatarynda bir yaşar Yalkymlyny satyn alypdym. Yanardagyň şan-şöhratyna uly goşant goşan elbetde, onuň ejesi,Skak ugruna degişli Dabaralynyň hem adyny agzamak zerur. Dabaralyny bolsa men öz döwrunde Komsomol atçylyk zawodyndan satyn alypdym. Dabaraly 1999-njy yylda Moskwada geçirilen Halkara yaryşyň yeňijisi bolan Yanardagdan başgada,Turkmenistanyň atçylyk sergisiniň yeňijisi bolan, Pereňdagy hem dunyä inderipdi.
“Milli gahryman” G.Berdimuhammedowy mahabatlandyryan,yalan-yaşryk “faktlardan” ybarat syyasy oyunlaryň arasynda Gurbangulynyň agtygy Kerimgulynyň seyisledi diyilyän we soňky at çapyşykda yeňiji bolan atyň ady unsuňi özune çekyär. Atyň ady Miras,syratsyz däl,çapyşy hem erbet däl. Yöne,bärde meni geňirgedyän bir mesele ol hem Kerimgulynyň professional seyislere çalym etmeyän doly we popuş göwresi bolup dur. Seyisleriň we çapyksuwarlaryň arasynda beyle sypatly we yuzi yylmanak yaş yigitler yok. Gelejekde Kerimguly ady belli seyis ya-da atşynas bolarmy ya-da bolmaz?,bu mesele Gurbanguly uçin asla wajyp däl. Ogluny mejlise,agtygyny aylawa, il öňune alyp çykmak bilen Gurbanguly,-Ynha men, ine-de meniň mirasduşerlerim,diyen duşunjäni gunde-gunaşa halkyň beynisine guyyar. Milli eşikde yylgyryp duran ataly agtyk we olaryň arasynda duran Miras, gelejekde häkimiyet kime miras galmaly we Turkmenistany kim dolandyrmaly diyen soraga,çurt-kesik jogap bolup dur.
Berimuhammedowyň munup çapan atynyň ady Miras bolyanam bolsa, bu at gany barlanman,gelip çykyşy anyklanman sap gan ahal-teke tohumyna nä derejede degişli bolyar? Bir yurduň prezidenti bolup öz halkyna iňlis atlary bilen gany gatyşdyrylan,köne atşynaslarymyz aytmyşlayyn yarym alaşa aty nädip miras hökmunde hödurläp bilyär? Ynha Berdimuhammedow we onuň nesil neberesiniň Turkmenistan watanymyza goyjak mirasy şundan ybarat.
Yanardaga bolsa,hatda Aba Annayewiň özi direlip gelende-de,-Gurbangulynyň hiç bir dahyly yok!