>
Turkmenyurttv

«TÜRKMENISTANYŇ GRAŽDANLARYNYŇ HUKUKLARY WE AZATLYGY» GURAMASYNYŇ LEBAP HEM-DE MARY WELAÝATLARYNA GELEN TEBIGY BETBAGTÇYLYGYŇ NETIJELERI SEBÄPLI AÇYK ÝÜZLENMESI

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 07 May 2020

2020-nji ýylyň 7-nji maýy

Türkmenistanyň öz içinde bolan biziň çeşmelerimiziň maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde agşam sagat 8-lerde Lebap, Mary hem Daşoguz sebitlerinde örän güýçli tupan bolupdyr. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, şemalyň tizligi şeýle güýçli bolup, tamyň üstündäki kryşalary sypyrypdyr, agaçlary köki-damary bilen goparypdyr, hemra antennalary döwüpdir we maşynlary düňderipdir. Muňa degişli wideoýazgylary biz şol gün giçlik aldyk. Olary bu ýerde görüp bolar.

https://www.youtube.com/watch?v=BAyb1cXTdY4&t=85s
https://www.youtube.com/watch?v=EPjCwPetB7Q

Häzirki wagtda tebigy betbagtçylygyň gelen sebitlerinde adamlaryň ölendigi, dereksiz ýiten çagalaryň bardygy belli edildi, emma ýitgileriň sanynyň näçedigi bize belli däl, ýöne biz ýagdaýy öwrenmegi dowam etdireris. Adamlaryň ýaşap oturan jaýlaryna köp zyýan ýetipdir, käbir tamlary suw basypdyr. Elektrik geçirijiler üzülipdir. Munuň netijesinde, Türkmenabatda häzire çenli-de elektrik üpjünçiligi ýok, suw kesilen. Internet:

https://turkmenyurt.tv/ru/turkmenistan-lebap-mary-dashaguz-bez-pomoshi-gosudarstva/

Heläkçiligiň ýetiren zybany häzirlikçe belli däl, ýöne çak edişimize görä, biziň çeşmelerimiziň düşündirişinden has agyr bolmaly. Ol heläkçiligiň derejesini kesgitlemek üçin, hökümetler häzire çenli hiç bir iş etmediler, ýiten çagalar gözlenmeýär hem-de tebigy betbagtçylykdan zyýan çeken sebitleriň gumanitar heläkçiligiň derejesi kesgitlenmeýär. Ýöne özlerini mundan artyk garaşmaga mejbur edip bilmedik aýallar bolan heläkçilik baradaky maglumaty köpçülikleýin habar serişdelerine we biziň guramamyza aýdyp bildiler.

30-njy aprelde Seýdi şäherinde döwlete dönüklik etmekde aýyplanyp, 30 aýal tussag edildi. Mundan öň 27-nji aprelde Türkmenabat şäherinde bolsa Maral Kasymowa hem ýene 18 aýal bikanun ýagdaýda saklandy. Diňe Ýuliýa Serebrýannigiň turkmenyurt tv kanalynda ýüzlenmesi çykandan soňra,

https://turkmenyurt.tv/ru/turkmenistan-presledovanie-jenshin-v-lebapskom-velayate-i-maryiskom-velayate/
https://turkmenyurt.tv/ru/turkmenistan-nezakonnye-aresty-jenshin-v-lebapskom-velayete/

bize mälim bolşuna görä, öz bikanun hereketlerinden gorkup, ol saklanan aýallary goýberilipdirler. Mundan daşary-da, Mary hem Lebap sebitlerinde tebigy heläkçilikden ejir çeken aýallar çörek hem iýmek üçin bir zat sorap köçä çykypdyrlar. Ol aýallaryň erkinliginiň nähili howp astynda durýandygy bize belli däl, ýöne biz muny öwrenmäge çalşarys.

Biz jemgyýetçilik guramalaryna ýüzlenýäris, owaly bilen-de Birleşen Milletler Guramasynyň agentlerine:

  • Tebigy beladan zyýan çeken Türkmenistanyň raýonlaryna kömek bermegiňizi we Türkmenistanyň hökümetlerinden berlen kömegiň koordinasiýasy barada hasap soralmagyny
  • Gelen tebigy betbagtçylyk hem gumanitar heläkçilik baradaky faktlary aýan eden aýallary bikanun ýagdaýda saklan Türkmenistanyň güýç ulanyjy guramalaryna basyş edilmegini

Biz Türkmenistanyň hökümetlerinden tebigy heläkçilige uçran regionlara Türkmenistan Respublikasynyň  «Adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak we aradan aýyrmak» kanuny esasynda olara haýal etmezden kömek bermek işlerine

şahsy jogap bermeli prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan, Lebap welaýatynyň we Türkmenabat şäheriniň häkimlerinden talap edýäris.

 

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 07 May 2020

Kategoriýalar: MEDENIYET TÄZELIKLER