>
Turkmenyurttv

Türkmenistanyň Gaz Satuwyndan Ähli Girdejisi Haramdagyň Jüwesine Düşýär

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 01 Apr 2019

Hormatly watandashlar, bilişimiz ýaly Türkmenistanyň ähli girdejisiniň 80% göterimi, gaz satuwyndan düşýän pullar.

Emma bu gaz kime, näçe mukdarda, haysy bahadan satylýar? Bu maglumatlary Turkmenistanda Harambasy Nyýazow we Haramdag Berdimuhammedowdan başga bilen we bilýäň adam ýok. Bu sanlaryň ne Parlamentde, ne Hökümete ne-de Türkmenistanyň ilatyna ayan edilmeýänliginin yeke sebäbi, ol hem döwlete esasy girdeji getirýän pudagy diktatorynyň diňe öz peýdasyna ulanmagyň bilen göni baglanşykly.

Bilşimiz ýaly 1991-nji ýylda Türkmenistan 89 milliard kubmetr gaz öndürýärdi. SSSR dargansoň gaz satuwy pese gaçdy, emma hökümetiň yalan aýdyşy ýaly, gaz turba hiç zaman beklenmändi. Sebäp 4 müň kilometr uzaklyga ýetýän gaz geçiriji kompressor stançiyalaryny doly togtatmak asla mümkin iş däl. Şu sebäbe görä-de, möçberi we bahasy hiç kime aýan edilmedik gaz, Rusyete, Ukraina we beyleki müşderilere uznukiz akdyryldy. 

Nyýazowyň döwründe gaz turbasynda mukdar ölçeyji manometrler ýokdy, edil sowet zamanynda bolşy ýaly, gazy kabul eden tarap näçe san görkezse şol san boýunça hem hasaplaşyk geçirildi.

Milliardlarça dollarlyk gaz ogurlygyny türkmen halkyndan gizlemek maksady bilen Harambasy Nyýazow, W.G.Otçerçow bilen dil düwişip “Itera” gaz kompaniýasyny döredýärler we Igor Makarowy hem oňa oturtma başlyk edip belleyärler.

Şeýlelikde, tutuş halkyň baýlygyny Türkmenistan tarapyndan Nyýazow,Otçerçow,Makarow Rusyet tarapyndan Rem Wähirew, Ukraina tarapyndan Yulia Timosenko , gazy deger degmezine satyn alyp,soňra ony gymmat satyp, ozlerine ýüzlerçe million dollar pul gazandylar.

Makalany gysgaltmak üçin diňe ekeje mysala ýüzlenmekçi.

FORBES” jurnalynyn maglumatlaryna laýyklykda 2013-nji ýylda “ITERA” kompaniýasynyň 46# göterimi satyn alany üçin Rusyetin nebit- kompaniýasynyň 2 milliard 900million dollar tolänligi aýdylýar.

Şol puluň 1 milliard 800 milliony Igor Makarowa şahsy tölenýär. Galan 1 milliard 100million kimiň hasabyna ugradyldy we ITERANYŇ galan 51% göterim akçiyasyna kim enelik edýär? Bu barada hiç bir maglumat ýok.

Bu gün bolsa türkmen halkynyň hakynyň hasabyna milliarder bolan,” ITERANY” tersine okap “ARETI” firmasyna öwüren Igor Makarow, Haramdag bilen ýapyk garyplaryň aňyrsynda nebit-gaz söwdasyny edýär.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 01 Apr 2019

Kategoriýalar: TÄZELIKLER YKDYSADYYET