TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
09 Mar 2022Awtor: turkmenyurt
Senesi: 20 Apr 2017
Hormatly watandaşlar! Bu gun turkmen hökumeti uly şowhun dabara bilen Turkmenistanyň Döwlet Garaşsyzlygyny belleyär. Geçen 25 yylyň dowamynda Garaşsyzlygyň nähili şertde gazanylandygyndan asla bihabar iki nesil Turkmenistanda kemala geldi. Ol taryhy wakalara diri şayat bolanlaryň köpusy bolsa bu gun biziň aramyzda yok.
Ol taryhy wakalara gönuden-göni gatnaşan we dahylly bolan adam hökmunde Garaşsyzlyga Özygtyyarlyga degişli taryhy wakalar we bu işlere göni gatnaşan şahslar barada özume mälim maglumatlary siziň dykgatyňyza yetirmegi makul bildim.
1985-nji yylda,Mihail Gorbaçew häkimiyet başyna gelensoň SSSR-de Perestroyka,yagny,uytgedip gurmak zamanasy başlandy.Gorbaçewyň niyeti ykdysady we soçial taydan lagar duşen imperiyany zähmetkeş halkyň gönuden-göni gatnaşmagynda halas edip,ynsan şekilli soçializmi dikeltmekdi.Owal 70 yyllap demir kapasda saklanan halka syyasy we ykdysady yeňillikler we mumkinçilikler berildi. Perestroykanyň yelgini Turkmenistana-da gelip yetdi. Turkmenistanyň intelligençiya wekilleriniň döreden Agzybirlik halk hereketi,Owganystanda gulluk eden internaçionalist esgerleriň respublikan soweti,Muhammetmyrat Salamatowyň Dayanç syyasy zurnaly,bularyň hemmesi Gorbaçewyň yglan eden syyasy reformalary netijesinde döräp bildiler. Eger adamlar berlen bu yeňillikleri dogry-durs kabul edip bu ugurda yhlas bilen hereket eden bolsadylar, onda, Gorbaçewyň planlary durmuşa ornaşyp bilerdi. Emma bir tarapdan yurtda dörän ykdysady kynçylyklar, beyleki tarapdan kompartiyanyň başynda oturan we yurdy dolandyryş sistemasynda işleyän çinownikleriň sada halky öňkusi yaly basyp saklamagy,SSSR-iň yuwaş-yuwaşdan dargamagyna alyp geldi. 1991-njy yylda SSSR-i saklap galmalymy ya-da yok diyen sorag orta çykdy. Şol yylyň mart ayynda geçirilen umumy halk referendumynda beyleki respublikalar bir hatarda Turkmenistan hem SSSR-i saklamak barada ses berdi. Sekiz yuz yyllap öz döwleti,hökumeti, bilimi,yazuwy bolmadyk turkmen halkynyň, syyasy,ykdysady,soçial meseleleri çözmekde,partiyalary we hereketleri döretmekde tejribesi bolmadyk turkmen halkynyň aglaba böleginde SSSR-den çykyp Özbaşdak,Garaşsyz döwlet gurmak pikiri aslynda yokdy. Şu sebäplere görä 1985-92-nji yyllar aralygynda yuz beren syyasy wakalary turkmen halky köplenç şatlyk bilen däl-de howatyrlanma bilen kabul etdi.
Yeri gelende aytsak S.Nyyazow tä SSSR-iň dargan pursatyna çenli,tä ähli respublikalar öz Döwlet Garaşsyzlygyny yglan edyänçä,bukulyp,kölegede yatan adam. Ol hiç bir yerde biz turkmenler Özygtyyarly we Garaşsyz bolmaly diyip çykyş eden yeri yok. 1990-njy yylyň awgust aynda kabul edilen Turkmenistanyň Özygtyyarlygy baradaky we 1991-nji yylyň 27-nji oktyabrynda kabul edilen Turkmenistanyň Döwlet Garaşsyzlygy baradaky jarnamalaryň ikisini-de, Nyyazow däl-de deputatlar kabul etdi. Nyyazow diňe Turkmen Parlamentiniň ähli jogapkärçiligi öz boynuna alyp kabul eden kararlaryndan soňra Turkmenistan Özygtyyarly ya-da Garaşsyz boldy diyip çykyş eden hilegär tilkidi. Eger-de bir sebäp bilen SSSR täzeden dikeldilse, onda Nyyazow däl-de Turkmen Parlamenti,has takygy birnäçe aktiw deputat halk duşmany hökmunde atylmalydy. GKÇP gunlerinde Nyyazowyň özuni alyp barşy,onuň görkezmesi esasynda ilkinji nobatda atylmaly adamlaryň duzulen gara sanawy,muňa doly guwä geçyär.
Syyasat boşluga sygynmayar we çydamayar,ol haysam bolsa bir maksada-ideya hyzmat etmeli. Turkmen halkynyň jähennemçilik edip meyletin yuz öwuren syyasy boşlugyny zalym we bimessep diktator Nyyazow yalan wadalardan dolduryp,tutuş ilaty özune bakna edip goydy.
Geçen 25 yyl-da turkmen halkynyň gören görgusini,çeken hupbatyny bir makalada agzap geçmek mumkin iş däl,Nyyazowyň we onuň mirasduşeri Berdimuhammedowyň turkmen halkynyň garşysyna eden jenayatlary yuz muňlerçe tom kitapdan ybarat. Bu iki diktatoryň eden-etdiliginden ejir çekmedik,görgi görmedik maşgala yurtda galmady dyysem, öte geçmesem gerek.Ähliumumy korrupçiya batan yurt,ähliumumy yaranjaňlyga,lepbeyçilige uçradylan millet,yokary bilimsiz galdyrylan iki yaş nesil,ynsan mertebesi yere sokulan turkmen, ine Turkmenistanyň Döwlet Garaşsyzlygynyň 25 yylda biziň halkymyza beren ajy miwesi gysgaça aytsak şu sanalanlardan ybarat.
Men Turkmenistanyň Özygtyyarlygyny gazanmak uçin halal zähmet çeken deputat hökmunde, Turkmenistanyň Garaşsyzlyk jarnamasynyň iki maddasynyň eyesi-awtory hökmunde, Turkmen halkyndan şol eden işlerim uçin ak yurekden ötunç sorayaryn.Indi ylayyk 24 yyl bäri Garaşsyzlyk guni meniň uçin öwezini dolup bolmajak Matam guni. Geçen bu uzak döwurde zanny yaman hökumetiň diydimzorlugy netijesinde yuz muňlerçe adamyň ömur tanapy biwagt uzuldi,yuz muňleçe turkmen ata-watany terk etmäge mejbur boldy,turmelerde çuyredilen bigunä adamlaryň bolsa sany-sajagy yok. Turkmen halkynyň başyna inen bu tragediyany bilibem,görubem tans oynap heşelle kakmaga meniň wyzdanym çatanok.
Watan diyip janyny pida eden gerçeklerimiziň,bigunä we biwagt wepat bolan watandaşlarmyzyň ak iman hemrasy,jaylary jennetden bolsun!
Halmyrat Söyunow, Şweçiya 26.10.2016