>
Turkmenyurttv

Turkmenistandaky Balyk Önumleriniň Emeli Gytçylygy Barada

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 18 Mar 2019

 17.03.2019 Halmyrat Söyunow, Şweçiya.

Haramdag Berdimuhammedowyň Aleksandr Dadayew bilen bilelikde yurduň balyçylyk pudagyny hususylaşdyrmak meselesi bilen baglanşykly 2018-nji yylda amal eden gözboyagçylykly hereketleri netijesnde, Turkmenistanyň döwlet eyeçiliginde bolan ähli balykçylyk kärhanalary ilki bilen emeli yagdayda duşewuntsiz derejä yetirilip, soňundanam bu kärhanalar Turkmenistanyň senagatçylar we işewurler birleşmesine degişli adamlara deger-degmez bahasyna şahsy eyeçilige satyldy. 

Bilşimiz yaly balyk hojalygy bilen meşgullanyan ähli döwletlerde, bu pudak örän duşewuntli hasaplanyar we edilen ähli çykdajy gysga wagtyň dowamynda iki-uç esse girdeji görnuşinde yzyna dolanyar. Onda, näme sebäpden Berdimuhammedow 2007-nji yyldan bäri bu pudaga asla uns bermedi emma,haçanda, bu pudak şahsy eyeçilige geçirilende balykçylyk bilen meşgullanyan kärhanalaryň ählisinde birdenkä gymmatbaha enjamlar peyda bolyar? diyen, yerlikli sorag orta çykyar.

Haçanda yurduň ähli baylygy Haramdagyň we onuň tohumynyň doly eyeçiliginde we gözegçiliginde duran döwri,haçanda yurt iki yyl bäri çuňňur ykdysady krizise duşen döwri, haysydyr bir işewurler tarapyndan balykçylyk pudagyny ösdurmek uçin, yuzlerçe million dollar nireden tapylyar?

Turkmenistanyň her bir rayaty Haramdag tarapyndan doly gözastynda saklanyan döwri, hiç kimiň bu yurtda millioner bolup yaşamaga hiç bir mumkinçiligi yok. Diymek, şahsy balykçykyk pudagyna yatyrylan ummasyz bu pullar, kimiň adyna yazylanlygyna garamazdan, Haramdagyň we onuň tohumyna degişli pullar,yagny, owal durli yollar bilenTurkmenistanyň döwlet gaznasyndan ogurlanan pullar diymäge doly esas bar. Amerikada we Yewropada döwlet derejesinde edilyän lomay ogurlyklara garşy girizilen “Magnitskiniň Kanuny”, Haramdaga we onuň tohumyna döwletden ogurlan pullaryny daşary yurtlarda saklamakdan mahrum etdi. Şu sebäbe görä-de, Haramdag we onuň ogry tohumy 2007-2018 yyllar aralygynda Turkmenistanyň döwlet gaznasyndan çen bilen ogurlan 30-35 milliard dollaryny oturtma, yasama adamlaryň usti bilen öz tohumynyň peydasyna özleşdirmäge başlady. Bu gun Haramdag awtomobil yollaryny, balykçylyk pudagyny A.Dadayew yaly yallakçylaryň kömegi bilen hususylaşdyryan bolsa, ertir gezek nebit-gaz pudagyna-da baryp yetjegine hiç bir şubhe yok. 

Yeri gelende yatlatmaly yene bir zat, sowet döwrunde Kaspi deňzinde tutlyan kilka balygyň bir kilosynyň bahasy 10 köpukdi,yagny, 15 amerikan çentidi. Ol balygy ilat esasan pişikleri iymitlendirmek uçin satyn alyardy.Häzir bolsa,balyk önumçiligi hususylaşdyrylandan bäri kilkanyň bir kilosynyň bahasy 20 manatdan, yagny döwletiň resmi kursundan hasaplasak, 5 dollar 80 çentden satylyar. Seld, ya-da selyodka balygynyň bir kilogrammy bolsa häzir Turkmenistanda 120 manatdan, yagny, resmi kurs boyunça 34 dollardan satylyar.

Deňeşdirmek uçin Şweçiyanyň dukanlarynda 5,5-6 dollara, 1 kg.kilkanyň ornuna 2,5 kg. doňdurylan towuk ayaklaryny, 34 dollarlyk selyodkanyň ornuna bolsa,täzelikde tutulyp tämizlenen gyzyl balygyň 3,5 kilogramyny, ya-da sygyr etiniň 5 kilogramyny arkayyn satyn alsa bolyar. 

Yurtda yuz beren balyk we balykçylyk önumleriniň gytçylygyny, halky çurkemek niyeti bilen yörute döredilen emeli gytçylyk diyip aytmaga doly esas bar. Agyr krizis döwrunde daşary döwletlerden Turkmenistana getirilyän balyk önumleriniň mukdaryny 43,5 proçent azaltmak we şol bir wagtyň özunde-de yurtda tutulan balygyň 73 tonnasyny daşary yurtlara satuwa çykarmak, öz halkyna haypy gelyän, akly yerindäki yolbaşçynyň etjek işi däl. 

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 18 Mar 2019

Kategoriýalar: SYYASAT TÄZELIKLER