>
Turkmenyurttv

Turkmenistan: Haramdag Berdimuhammedowyn Şeýtan Sadakasy

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 29 Jun 2019

https://www.youtube.com/watch?v=voXoXT-8qUU&feature=youtu.be

Telegram Channel

https://t.me/Turkmenyurttv

Hormatly Watandaşlar!

Ertir, 29-njy iyunda, diktator Haramdag Berdimuhammedow 62 yaşayar.

Onuň doglan guni Turkmenistanyň ähli kunjunde, welayatdyr- etraplarda, şäherdir- obalaryň ählisinde giňden bellenmeli edildi.

Näme uçin?

Hamana, Haramdag pygamber yaşyna yetenligi uçin minnetdar halk oňa sadaka yagny ak goyun ya-da aş sadakasyny bermeli edildi.

Ata-baba turkmen bu sadakany 63 yaşy dolansoň beryär, emma özyni pygamber derejesinde tutan we Pohnamany Kurany Kerimden yokarda goyan, Mekge-de konjakdan gerk-gäbe doyup, Keramatly ojagy pohlap gaydan Harambaşy Nyyazow, özbaşyna hokga çykaryp öz ak goyun sadakasyny 2002-nji yulda 62 yaşanda paylady.

Pygamberiň donuny burenen Saparmyrat şeytan indi biziň aramyzda yok. Emma Nyyazowyň öz halkyna garşy alyp baran birehimlik, zalymlyk we diydimzorlyk syyasatyny  gyl gyşartman alyp baryan Haramdag şeytan Berdimuhammedow halkyň gözune çöp atyp özyni hamana halalhon musulman adamsy we Allanyň nazar salan adamsy hökmunde görkezmek isleyär.

Haramdagyň ertirki gun halkyň halkyň ynamayna girmek uçin görkezjek spektakly, şeytan aldawyndan başga hiç zat däl adamlar.

Eger Haramdag halalhon we Allasyna sygynyan adam bolsa, onda näme uçin ol päk göwunli päli duzuw dindarlary ömurboyy yzarlap geyyär? 

Näme uçin ol dine uyyan yaşlary, din ugrundan yeterlik ylmy bolan halalhon molladyr-ahunlary yuzläp-muňläp gözenegiň aňyrsyna taşlayar?

Demir gözenegiň aňyrsynda oturan on muňlerçe bigunä musulman bendesine rehim-şepagaty inmeyän wenezzynany musulman diyip hasaplap bormy?

Çagalary okuwsyz, milleti işsiz, garrylary bir döwum çöreksiz goyup öz ganybir we dini bir milletine, Hudayyň beren guni hupbat baryny gökezyän Haramzadanyň sadakasyny Allatagala kabul edermi?

Hormatly Watandaşlar, diktatory goldayan,oňa uyyan,ynanyan we oňa saylawlarda ses beryän adamlar, diktatordan ejir çekyän adamlar däl-de, diktatoryň jenayaytlaryna deň derejede gatnaşyan adamlardyr.

Etrir halkymyzdan ogurlanan pullaryň hasabyna şeytan Berdimuhammedowyň paylajak sadakasyny dadan we ony alkyşlan islendik bendäniň şeytana şärik boljagy ikuçsyzdyr.

Şeytanyň azdyrany özuniňki diylen ata-babalardan galan  dana söz bar, mundan bu yana özuňizi şeytana aldatmaň adamlar.

Halmyrat Söyun.

 Töwir.

Beyik Taňrym töwir yerne,
Okarmen bu namany,
Resulymdan yuz dönderip,
Mejbur öwenden Hany,
Bendäni pygamber sayyp,
Ret edenden Kurany,
Telpek yerne gyňaç orap,
Gorap amanat jany, 
Yallaklap bäş gun ömurde,
Unudandan imany,
Goy, meň ömrum bu dunye-de,
Ojar bolup köresin!
Mynafyga gol yapandan,-
El-ayagym gurasyn!


Yedi yuz yyl horlukdan soň,
Han tutundyk zalymy, 
Ne-hä är ol, ne-de pir ol,
Tutmaz hakyň yoluny,
It görse gözi agarar,
Halkyň kulpet-halyny,
Ata-baba han bolmandy, 
Beydip horlan ilini,
Garamayak hasabyna,
Yygan haram malyny,
Eziz Allam, o dunye-de,
Dowzahyna yaratsyn! 
Öz kasamy-öz tenini,
Öz ömruni kul etsin!
Omyn!

Noyabr, 1994. Moskwa, Petrowka 38 turmesi.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 29 Jun 2019

Kategoriýalar: SYYASAT TÄZELIKLER