>
Turkmenyurttv

Turkmenistan: Geldi Kýärizow Parlamentarizma Bukulýan Tireparazlyk Barada

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 25 Apr 2020

Geldi Kärizowyň Türkmenistanyň graždanlaryna ýüzlenmesi özlerini oppozisionerler saýyp, bulaşyk pikirler bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekmek isleýän Halmyrat Söýünowyň hem Saparmyrat Yklymowyň demagogiki çagyryşlaryna gaýtawul hem-de watandaşlarymyzyň sowallaryna jogap hökmünde ýüze çykdy.

Olar milletiň iň bir sada gatlagynyň pikir-garaýyşlaryny bulaşdyrmak maksady bilen häzirki milletiň taýýar däl gatlagynda täze rewolýusion şertleri ündemek arkaly köne anarhistik çykyşlaryny öňe sürýärler. Munuň özi ahyrky netijede taryhyň görkezişi ýaly, gan döküşiklige alyp barar. Beýle ýagdaý Haramdagyň diktaturasy üçin Sanjar -2 wakasyndaky şertleri emele getirer.

Hamana diýersiň adalatyň hatyrasyna geçiriljek bolunýan ol rewolýusiýanyň Türkmenistanyň häzirki gurluşyndaky prezidentlik formasyny üýtgedip, parlamentar syýasat bilen çalyşmagy öňe sürýärler. Ýöne ýokarda atlary agzalan özlerini oppozisioner saýýanlar ýefreýtor harby çini bolan, faşist Adolf Gitleriň Germaniýanyň parlamentarizmini döredenleriň biri bolandygyny ýatlamaýarlar. Onuň egindeşi hem goldawçysy faşist Mussolini hem Italiýan parlamentarizminiň syýasy önümidi.

Olar parlamentarizm sistemasynyň diňe ýurtda ykdysady ugurlaryň kadaly ýola goýlan wagtynda, sosial ugurlardaky şertleriň ösen ýagdaýynda hem-de milletiň şahsy üpjünçiligi bolan şertlerde amala aşyp biljekdigini düşündirmeýärler. Ýeterlik derejedäki syýasy hem ylmy taýdan taýýarlykly intellektual elitanyň gerekdigi barada-ha gürrüňem edilenok. Başgaça pikirlenýänlere çydamlylyk görkezip bilmek, ýurtdaky ähli ilaty ýüz keşbiniň reňkine, haýsy dine ynanýandygyna ýa-da ateisdigine garamazdan, milletine, iň esasy-da olaryň haýsy regiondan çykandygyna hem tire-taýpasyna parh goýmazdan sylamak hem hormat goýmak medeniýeti barada gürrüň etjek bolmaýarlar.

Özlerini oppozisionerler saýýanlaryň esasy uly mekirligi Halmyrat Söýünow halkyň diktator Haramdaga bolan ýigrenjine daýanyp, häzirki ýagdaýy gowulandyrmak maksady üçin, döwletiň syýasy instrumenti hökmünde parlamentar syýasaty öňe sürýär hem-de bütin ýurduň ilatyny Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň garşysyna goýýar. Munuň günäsini bolsa Türkmenistanda dörän diktatura syýasatynyň üstüne atýar. Ahalyň ilatynyň esasy köplügini, bilşimiz ýaly tekeler düzýär. Hakykatda bolsa munuň özi gümürtik untançsyzlykdyr hem faşistiki hilegär ideýadyr, munuň özi pikir-garaýyşlary bulaşdyrmak, haosa hem Graždanlyk urşuna itermekdir. Olaryň pikir ýöredip öňe sürýän ideýalary matematiki formula laýyklykda, dürli tire-taýpalardan düzülen 4 welaýaty merkezdäki welaýatyň garşysyna goýmakdyr. Muny diňe rus ýazyjysy Bulgakowyň “It ýürekli” romanyndaky Jaý dolandyryş uprawleniýesiniň naçalnigi, ýoldaş Şwonder şekilli 8 klas bilimi bolan adam öňe sürüp biler. Ýogsa Halmyrat Söýünowyň käri boýunça, profesional çişlik we lüle-kebab bişirip, eklenip ýören halyna, döwletiň ýolbaşçylygyna ymtylmak netini we beýle tekepbirlik pikirlerini näme bilen düşündirip bolar? 

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 25 Apr 2020

Kategoriýalar: MEDENIYET SYYASAT Wideo YKDYSADYYET