>
Turkmenyurttv

Turkmenistan Aýallaryň Hukuklary we Gender Deňligy Boýunça Jogap Berdi

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 19 Jul 2018

Hukuk gorayjylaryň dokladlarynyň esasynda Komitet Turkmenistan tarapynyň wekillerine degişli soraglary berdiler. Resmi wekilleriň jogabynda hamana Turkmenistanda jyns we ayallaryň hak-hukuk meselesinde hemme zat gulala-gulluk edilip görkezildi. Bu mesele boyunça Konwençiyanyň ähli talaplaryny döwlet gyşarnyksyz berjay edyär diylyp aydyldy. Turkmen resmi delegaçiyasynyň sözlerine görä,daşary yurtly rayatlar bilen nikalaşmak ucin we bu mesele bilen baglanşykly gerek bolyan dokumentleri duzetmek ucin Turkmenistanyň ilçihanadyr-konsul gulluklaryna yuz tutmak yeterlik diyip tassykladylar.

Emma yurt daşandaky Turkmenistan rayatlary bu mesele boyunça gerekli resmi dokumentleri Turkmenistan ilçihanadyr-konsulluklarynda gerek bolyan dokumentleri alyp bilmeyarler.

Ustesine, zenanlara garşy hiç bir zorlugyň ya-da sutemiň yoklugyny ayratyn belläp geçdiler.

Şol bir wagtyň özunde-de turkmen resmileri eger zorluk we sutem zerarly uyz tutan zenenalara garşy jeza çäreleriniň ullanyp bilinjekligi ya-da bilinmejegi barada, kelam agyz söz aydyp bilmediler. Yurtda milletçilik we gayry millilik meselesinde hiç bir gysyşyň yoklugy barada  turkmen delegaçiyasy ayratyn belläp geçdi.

Emma milleti turkmen bolmadyk zenanlaryň mejbury yagda-da nikalarynyň bozulyanlygy hakykat.

Şeyle-de,gundogar.news.com propaganda saytynda  milleti turkmen bolmadyk zenanlary ähli haramlyklarda gunäkärlenmegine, resmilerden jogap almak başartmady.

Bilim almak yurtda mugt, emma yokary okuw jayyna ya-da çagalara bagyna çagaňy yerleşdirmek uçin näçe para tölenyänligi barada maglumat bermediler.

Yokarda agzalyp geçilenler, Turkmenistanda bar bolan problemalaryň ujypsyz bir bölegi. Emma bu soraglara hem turkmen tarapy idili jogap berip bilmedi. Olaryň yalan sözleri we dymyp orurmaklary BMG-äniň Komitetininiň agzalaryny geň we duşuniksiz yagdaya goydy.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 19 Jul 2018

Kategoriýalar: SYYASAT TÄZELIKLER Wideo