TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
09 Mar 2022Awtor: turkmenyurt
Senesi: 20 Apr 2017
Yaňy-yakyn Turkmenistanda “At-Myrat”atly çeper film teleekranlarda görkezildi.Sçenariniň awtory inçe ussatlyk bilen özuni ajayyp çapyksuwar we ahal-teke atlary boyunça baş bilermen hasaplayan G.Berdimuhammedowyň syyasy islegini ödemegi başarypdyr.Dogurdanam filmiň awtory pöwhe we agzyboş diktatoryň adyny turkmeniň atçylyk taryhynda ebedileşdirmäge dyrjaşmak bilen bir hatarda,turkmeniň göz guwanjy bolan ahal-teke atlarynyň ganyny gatyşdyrmak we muň yyl taryhy bolan bedewiň kökune palta urmakda Berdimuhammedowyň eden we edyän jenayatlarynyň ustuni gömmek isleyär.
Berdimuhammedow, 50 yaşdan soň atyň namedigini bilen we munmäni öwrenen pyyada.Eger başgaça bolanlygynda onda häzir Turkmenistanyň ähli gazet jurnallarynda onuň yaşlyk we jahyl wagty at ustunde gomparyp oturan suratlary petir bezelen yaly edilip halka görkezilerdi. Diňe özi däl,ne atasy,ne kakasy,ne-de onuň tohumynda at eyerlän adamyň suraty yok!
Beyle pisintli adam barada turkmenler “At görmedik-çapa çapa öldurer,Don geymedik-kaka kaka tozdurar”, diyipdirler.
Şöhratparazlykdan we aşa gopbamsylykdan ejir çekyän adamyň çagalykda beynisinde ornaşan Görogly ya-da Artyk Babaly bolmak arzuwy,atçylyga we sporta ylmy däl-de, çöwre terzde çemeleşmegine alyp geldi.
“Belentlik yeldirgemesine”uçran Berdimuhammedowyň eden-etdiligi netijesinde ahal-teke atlarynyň ykbaly bir adamyň syyasy guralyna öwruldi. Şahsy eyeçilikdäki atlary bikanun konfiskaçiya etmek we belli atşynaslaryň garşysyna repressiw,yagny, jezalandyryş çärelerini ullanmak Berdimuhammedowyň gundelik iş tertibine öwruldi.
Berdimuhammedowyň şöhratparazlyga kowalaşyp,ahal-teke atlarynyň ganyny beyleki atlaryň gany bilen gatyşdyrmagy, turkmen atynyň tohumynyň yitmegine alyp baryar.Bu jenayat Turkmenistanyň gelejegi uçin öwezini hiç bir gymmatlyk we milliyardlap dollar bilen-de dolup bolmajak juda agyr urgydyr. Hiç bir gelmişek basybalyjy ya-da duşman,turkmeniň ahal-teke atyna munça zyyan yetirip bilmändi. Hat-da Turkmenistany basyp alan Orsyet hem tiz wagtyň dowamynda Zakaspi oblastynda athana açyp şol yerde turkmen atlarynyň tohumyny pasportlaşdyrypdy.
Berdimuhammedow yaly atyny yeke çapyp,pellehana elmydama birinji bolup gelyän çapyksuwar we yeke-täk atşynas hökumdar, dunyäniň hiç bir kunjunde yok.
Berdimuhammedowyň bihayalyk edip öz-özuni beygeltmek maksady bilen,beyleki çapyksuwarlary,yaş däl, atly-abrayly çapyksuwarlary gorky astynda saklap,olara atyň jylawyny çekmäge mejbur edip pellehena ikinji we uçunji orunda gelmeli edilyänligi barada owal hem yazypdyk. Gurbanguly kimin,arassa we açyk bäsleşikden yuz öwurip hilegärlige yuz uryan tetellileri turkmenler NAMART diyip atlandyryar. Onsoň filmiň awtory haysy bilermen we ady belli atşynas barada dunyä jemgyyetçiligini äşgär etmek isleyär? Emeli gurnalyan at çapyşyklaryň yeňijisi, yeke-täk jokey we bilermen Berdimuhammedowy arşa çykarmak bilen, filmiň awtory agyr jogapkärçiligi öz boynuna alyar.
Aslynda,her bir janköyer atşynas we at çapyşyklara gatnaşyan her bir adam ussat çapyksuwar Narly Babalyyewi we onuň merhum atasy Babaly Taymazowy,onuň dayysy Tayly Taymazowy we onuň ogullaryny gaty gowy tanayar. Başga-da doganlar Agamyradowlar bilen bir hatarda ussat çapyksuwarlar Ilmyrat,Kakamyrat,Rejepmyrat,olaryň kakasy Agamyrat Annaseyidowy hem-de olaryn garry atasy Annaseyit Hojany mysal getirse bolar. Bu adamlaryň atlaryny mysal getirmek bilen men bir zady undemek isleyärin,atçylkda nesil yzarlanyar we çapyksuwarlyk ussatlygy atasyndan ogluna geçyän hunär. Şol sebäpli-de aylawa gelen mähelle ilki bilen haysy tanymal çapyksuwaryň haysy aty çapjagyna uns beryär we şoňa layyklykda-da özyne yeňiş getirjek aty saylayar. Indi,elliden soň at munmäni öwrenen, owal ady hiç bir yerde tutulmadyk çapyksuwar Gurbangula,hat-da ganatly aty munäyeninde-de kim oňa birinji geler diyip ynam eder we gara şayy totalizatora rowa görer? Dogry, hiç kim.
Aziadanyň öňisyrasynda rejissor Kerim Annanowyň “At-myrat” atly kinosynyň cykmagy haysy alamaty we kimiň yeten arzuwyny aňladyar? Eger bu Gurbangulynyň yeten şahsy maksady bolsa,onda onuň netijesi ahal-teke atynyň ganyny köpçulikleyin bulaşdyrmakdan,olaryň tohumlyk pasportlaryny galplaşdyrmakdan ybarat.
2008-nji yylyň 6-njy sentyabrynda, Prezident athanasyndan getirilen Gökhan atly bedew Moskwanyň aylawynda yeňiş gazandy.Çapyşykdan soňky geçirilen barlag-analiz bedewe gadagan edilen serişdeleriň,yagny,dopingiň berlendigini görkezdi. Netijede bayrak yzyna gaytarylyp alyndy,seyis Ilmyrat Agamyradow bolsa bir yyl möhlet bilen Orsyetdäki çapyşyklara gatnaşmakdan mahrum edildi. Muňa garamazdan, haçanda Turkmenistana dolanyp gelensoň bikanunlykda tutulan I.Agamyradowa prezident Berdimuhammedow öz eli bilen sowgat beren şahsy awtomobiliň açaryny gowşurdy.
Yene-de Prezident athanasyna degişli bolan Maya atly gysrak Orsyetde barlagdan geçirilende tohumynyň arassa däldigi uçin tohum atlaryň sanawyndan çykaryldy.
Şonuň uçun Gurbangulynyň turkmeniň mirasyna eden hyyanaty, ahal-teke atşynaslyk medeniyetine eden hilegärlik kezzaplygynyň netijesi uzaga çekmän uly milletiň öňunde aty bilen agdarylyp jumle jahana äşgär boldy. Dowletimiziň nyşany bolan ahal-teke atynyň pajygaly ykbaly barada indi köpler bilyär. Bedew, ata babalarymyzyň aydyşy yaly är yigide mynasypdyr,emma pygamber donuny burenen islendik kezzap namardy,turkmen bedewi gerdeninde götermändi, götermezem.