>
Turkmenyurttv

Turkmenistanda Ahal-Teke Atlarynyň Tohumy Yitirim Edilyär

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 23 Apr 2017

Turkmenistanda ahal-teke atlarynyň tohumy yitirim edilyär

 

Ahal-teke bedewleri Turkmenistanyň göz guwanjy we turkmenleriň milli buysanjy hasaplanyar. Ahal-teke atlary boyunça bilermen-ekspert,Turkmenistanyň döwlet gerbinde yerleşdirilen  Yanardag atly bedewiň eyesi, ady belli atşynas we öňki ministr, 66 yaşly Geldi Kärizow  C-1 yaylymyna beren interwyusynda, ahal- teke atlarynyň häzirki gözgyny yagdayyny göz öňune tutup, dunyä jemgyyetçiligini Turkmenistanda geçirilmeli Aziada-2017 oyunlaryny terk etmäge, yagny boykota çagyryar.

Geldi Kärizow 2015-nji yylda Turkmenistany terk edip ilki Moskwa soňra bolsa Praga göçup geldi. Turkmenistanda amal edilyän,ahal-teke atlarynyň köpçulikleyin gan gatyşdyrylmagynyň öňuni almak maksady bilen, ol bosgunlykda “Yanardag” atly ekspert we sertifikat merkezini döretdi.

Yeri gelende belläp geçmeli wajyp zat, Geldi Kärizow  80-nji yyllaryn ahyrynda ahal-teke atlarynyň köpçulikleyin gyrylmagynyň, yagny atlary ete tabşyrylmagynyň öňuni almany başaran şahsyyet.

G.Kärizow  turkmen hökumetinde ministr wezipesinde Turkmenistanyň atçylyk ulgamyna yolbaşçy bolan we 2002-nji yylda S.Nyyazow tarapyndan wezipesinden çetleşdirilip gözenegiň aňyrsyna taşlandy.

Biziň söhbetdeşimiz ömruniň alty yylyny bendilikde,şol möhletiň bäş ayyny bolsa Owadan-Depe ady bilen belli, Turkmenistanyň iň zamun we elhenç turmesinde geçirdi. Geldi Kärizow Nyyazow ölensoň azatlyga çykdy.Onuň azatlyga çykmagy maşgalasy Yulia Serebryannigiň amal eden uly tagallalarynyň netijesinde mumkin boldy.

Nyyazowyň mirasduşeri Berdimuhammedow atşynasy amnistia yetdi,emma G.Berdimuhammedow Kärizowyň ähli atlaryny elinden alyp,yagny konfiskaçiya edip, oňa hatda aylawyň golaynda görunmegi-de gadagan etdi.

Kärizowyň aytmagyna görä ahal-teke atlary gundiz onuň huşunda,- gije bolsa duyşunde. Ol öz ahal-teke atlarynyň yedi arkasyny yzarlap gelyän atşynas.Şol sebäplere görä-de bosunlykda yaşasa-da Kärizow, ahal-teke atlarynyň tohum arassalaygy uçin göreşyän şahsyyet.

C-1– Soňky bir yylyň dowamynda Turkmenistanda name yutgedi? Bu barada siziň garyndaşlaryňyz näme diyyär?

G.K.– Turkmenistanda durmuş we guzeran gunsayyn kynlaşyar. Döwletiň milli baylyklary şol sanda nebit-gaz sektory,banklar we gurluşyk pudaklary lukgeligine Berdimuhammedowyň we onuň dogan-garyndaşynyň gol astynda. Olardan artan-suyşen we galan-gaçan baylyklary peşgeş hökmunde rejime wepadarlyk bilen hyzmat edyän, yagny, Aleksandr Dadaew yaly adamlara paylanyar.

C-1- Näme sebäpden siz Nyyazowyň  gazabyna duçar bolduňyz?

G.K.- Meniň atşynaslaryň arasyndaky bolan abrayym, Nyyazowda görupçilik döredendir diyip oylanyan. Onsoňam meni ministrlik wezipä Boris Şyhmyradowyň teklip edenligini Nyyazow unutmandy we haçanda ,2001-nji yylda B.Şyhmyradow Nyyazowyň garşysyna oppoziçiya geçende,onuň bilen tanyş bolan adamlar yurtda yzarlanyp başlandy.Men bolsa öz işim bilen meşgul bolup yören adam bolamsoň,turme dowzahy maňa miyesser etmez diyen,sada pikirdäki adamdym.

C-1-Nyyazowyň ahal-teke atlaryna bolan garayşy nähilidi?

G.K.- Nyyazowyňam,Berdimuhammedowyňam bu mesele-de yuze tutarlyk, ya-da mysal getirerlik eden idili işleri yok. 1986-njy yylda, tohum ahal-teke atlarynyň ete tabşyrylanlygy barada dokumental kinony duşuremizden soňra Moskwadan, Nyyazowa yagly käyinç yglan edildi. Haçanda SSSR dargansoň Nyyazow atlary daşary yurtlara satmazlyk barada karar kabul etdi. Bu bolsa öz gezeginde atçylyk pudagyny ösdurmekde iňňän zerur bolan laboratoriyalary, athanalary gurmaga zerur bolan walyutany yurda getirmekden mahrum etdi. Öz döwrunde Nyyazow wiçe-premyer G.Berdimuhammedowa saglyk we medeniyet pudagy bilen bir hatarda atçylyk pudagyna gözegçilik etmegi-de tabşyrypdy. Men şol döwur ahal-teke atlarynyň medeni taryhy barada konferençiyalary gurnayardym. Häzir bolsa Berdimuhammedow şol konferençiyalaryň materiallary esasynda, öz adyndan kitap çap edyär.

C-1- Nyyazowyň döwrunde bedew kulty emeli geldi, muňa näme zerurçylyk bardy?

G.K.- Ahal-teke bedewi turkmen uçin esasy pudak we buysandyryjy tomaşa bolup duryar. Haçan-da,milli nyşanda,yagny, gerbde bedewiň keşbi yerleşdirilende Nyyazow turkmeniň milli duygusyny öz bähbidi uçin ullanypdy.

Ilkibaşda gerbde gyyr atyň şekili yerleşdirilipdi. Bu reňkiň arap atlaryna mahsusdygy, turkmene bolsa altyn reňk,mele bedewiň has kybapdaş gelyänligi barada makala bilen çykyş edemden soňraTurkmenistanyň döwlet nyşanyna meniň atym Yanardagyň şekili yerleşdirildi.

C-1- Siziň Turkmenistanda eyelän wezipe derejäňiz, ministr derejesi bilen ölçenyär. Gara sanawa we turme tussaglygyna duçar bolmazlyk uçin, eyelän wezipäňiz bilen baglanşykly neneňsi gadagançylyk we çäklendiriş çäreleri bardy.

G.K.- Toylara gatnaşmak, yas-ayat yerlerinde görunmek,köpçulik yerlerinde peyda bolmak,-ministrlere gadagan. Oglanlyk döwrumde sarylama keseline uçramsoň, spirtli içgilriň hiç birini içemok. Hökumetiň resmi çärelerinde guyulan arak-şerapdan yuz öwuryänligimi birnäçe gezek synlan Nyyazow,- Ey, gyrak çetde duranlar! Eger men buyrsam siz arak däl,ayna gyyyk içersiňiz diyip, haybat atardy. Adamlary özune doly tabynlykda saklamak,Nyyazowyň esasy maksady-dy. Yöne,beyle tabynlygam adamlary turme jezasyndan halas etmeyärdi.  Haçanda Nyyazow Owadan-Depäni guranda, men Turkmenistandaky ähli turmäni yapyp, olaryň ornuna eke-täk turme gurdurjak diyip, halkyň öňunde çykyş edipdi. Netije-de bolsa ol halky aldap,öňki turmeleriň ustesine yene bir dowzah şekilli turmäni bina etdi.

C-1- Turkmenistanyň öňki daşary işler ministri, dowlet agdarylşygyny gurnamakda gunäkärlenyän B.Şyhmyradow barada indi 15 yyl bäri hiç bir maglumat yok. Onuň ykbaly barada sizde maglumat barmy?

G.K.-  Bir turmeden başga bir turmä ugradylan döwrum, yagny etapda, meniň görup bilen adamym Şyhmyradowyň yegeni Myrat. KGB-äniň öňki gullukçysynyň maňa beren habaryna görä ol Şyhmyradowy,Yklymowy,Sarjayewi 2002-nji yylda KGB-äniň turmesinde görendigini aydyar. Şol yylyň ahyrynda B.Şyhmyradow turmede asma ukol alyp yatan mejalsyz hassa eken. Meniň pikirimçe bu adamlaryň hiç birisi bu gun diri däl. Şyhmyradowyň jesedi bolsa halkara derňew we ekspertizalardan gorkulyp maşgalasyna berilmedi diyip oylanyan.

Nyyazow,öňki yolbaşçylary meslikde ayyplap,olary turmede aç-suwsuz saklamagy buyrdy. Owadan-depede oturan bäş ayyň dowamynda men 45 kilogramm agramymy yitirip gury suňke öwruldim.Hat-da kellämdäki bogun-bogun bolup çykan damarlary barmak bilen sanap bolyardy. Meniň 5 ayda duşen gunum şu bolansoň, ol dowzahda yyllarboyy oturan bendileriň keşbini göz öňune getirmegem juda kyn.

Men pikir edyän,yene biraz wagt geçirip Berdimuhammedowam edil Nyyazowyň edişi yaly KNB-äniň,Prokuraturanyň,Poliçiyanyň yolbaşçylaryny birayakdan Owadan-depä dykar we olaryň ornuna has yaranjaň çinownikleri getirer.

С-1- Nädip Berdimuhammedow, Nyyazowyň mirasduşeri boldy?

G.K.-  Nyyazow şöhratparazlyk yeldirgemesine uçran haramzada bolsa-da, ol asla samsyk däldi. Bu iki hökmurowanyň umumy bir problemasy bar, ol hem tä ölyänçä wezipäni elden bermezlik. Kim bularyň yakyn-yanynda duryar? Sakçylar bilen şahsy lukmany. Berdimuhammedow bolsa Nyyazowyň tä soňky demine çenli onuň saglygyna,yuregine, gemorroyyna şahsy kontrollyk eden yeke-täk adam…

C-1- Siz näçe bedewi Nyyazowa sowgat berdiňiz?

G.K.- Jemi alty sany bedewi. Haçan Nyyazow köşk gurnanda men oňa Kerwenbaşyny sowgat berdim. Soňra Alp-Arslany (bu aty soňra Nyyazow Ukrainanyň prezidenti L.Kuçma sowgat etdi). Karfagen atly bedewimi bolsa Nyyazowyň  yuregini operaçya eden nemeç kardiohirurgy Gans Meyssnere sowgat etdim. Esasy sowgadym, 1999-njy yylda Moskwada geçirilen,ahal-teke atlarynyň sergisinde dunyä çempiony adyna eye bolan Yanardagdy. Men bu bedewi Nyyazowa 60-yaş mynasybetli yubileyinde turkmen atşynalarynyň adyndan sowgat etdim. Men bu gymmatbaha sowgatlary etmek bilen Nyyazow atçylyk pudagyna uns berer, atçylygy ösdurmek uçin öri meydanlaryny berer,atlary daşary yurtlara satmaga şert we mumkinçilikleri döreder diyen niyet bilen edipdim.

Haçanda, wiçe-premyer Berdimuhammedow  at-bedewiň janköyeri we muşdagy bolan Meyssneri meniň atyatagyma alyp gelende, men Gurbangula-da bir bedewi sowgat bermek islämde ol,- Maňa beyle sowgat gerek däl, men atçylykdan gaty uzakda duran adam diyip, jogap berdi.

C-1- Prezident bolaly bäri Berdimuhammedow özuni koplenç at ustunde görkezyär. Kim oňa at çapmany öwretdi?

G.K- Öňki çirk artisti Pirli Bayramdurdyyew öwretdi. Yadyňyzda bolsa birnäçe yyl mundan owal Moskwada geçirilen Yeňiş Bayramynda marşal Zukowyň keşbinde at munup geçen P.Bayramdurdyyewdi. Ol häzir turkmen çirk “Galkynyş” toparyna yolbaşçylyk edyär. Nyyazowyň döwrunde Turkmenistanda çirk gadagan edildi, şol sebäpli Pirli işsiz galypdy. Bayramdurdyyewden at munmäni öwrenmek bilen Berdimuhammedow gaty dogry hereket etdi. Eger ol özune aylawdan mugallym saylap alanlygynda, onda Gurbangulynyň  at usunde oturyp bilmeyän pöwhwdigi, uly ile äşgär bolardy.

2013-nji yylda turkmen bedewine bagyşlanyp geçirilen atçapyşykda Berdimuhammedow atdan yykyldy. Bu hadysanyň eke sebäbi  Gurbanguly Berkararyň jylawyny goyberip öz syrtyny eyere oklady. Munuň netijesinde janawer budredi we agdaryldy. Bu masgaryçylukdan soň Berdimuhammedow Turkmenistanyň Döwlet Gerbinden Yanardagy ayyryp, onuň ornuna Berkararyň keşbini goymak maksadyndan yuz öwurdi. Janawer Berkarar bolsa ol wakadan soňra gurum-jurum edildi. Yene-de bir belläp geçmeli bir zat ol hem ady dunyä belli çapyksuwarlarymyzyň Berdimuhammedowdan öňe duşmezlik uçin öz atlarynyň jylawyny çekip, Gurbangulynyň yzynda,ser-sepil bolup tozana garylmaga mejbur edilyänligidir.

C-1- Haysy bedew Berdimuhammedowyň gowy göryän aty hasaplanyar?

G.K.-  Haysy at boldy, Gurbangua parhy yok. Esasy zat onuň bedew ustunde oturan suratlary gelşikli we owadan bolmaly.

C-1- Turkmenistanyň atçylyk pudagy häzir nähili yagdayda?

G.K.- Atçylykdaky esasy problema,gan garyşdyrylma,ya-da metizaçiyanyň möwj almagy. Ahal-teke tohumy ete tabşyrylyan döwrunde-de hemmesi doly gyrylmandy. Emma Berdimuhammedowyň urdumşalyk syysaty döwrunde iňlis  tohum atlary bilen yzygiderli geçirilyän metizaçiyanyň netijesinde,Turkmenistandaky ahal- teke atlarynyň kökune palta uruldy.Gan gatyşdyrylmadan emele gelen atlar has yyndam bolyar we prezidentiň bayraklaryny utmaga yardam beryär. Bu jenayatyň ustuni yapmak uçin “Turkmenatlary” birleşigiň tohumçylyk bölumi bedewleriň gelip çykyş we doguş pasportlaryny galplaşdyryarlar. Yöne tohumçylyk bölumiň beryän sertifikatlary Halkara sertifikat normalaryna gabat gelmeyär we ykrar edilmeyär. Emma muňa garamazdan bikanun sertifikatlar Turkmenistanda islendik adam uçin elyeterli, owal gany gatyşdyrylan bedewi, arassa ganly ahal-teke aty diyip görkezyän sertifikaty almak uçin 50 dollar tolenen bolsa, häzirki gun galp sertifikatyň bahasy 5.000 dollara baryp yetdi. Sebäp prezidentiň bayrak paylayan maşynlarynyň bahasy 40.000 dollardan geçyär,diymek 40.000 dollarlyk bayragy almak uçin 5.000 dollar harç etmek, peydaly söwda bolup dur.

Bir tohum baytal öz ömrunde 5-10 gezek gulanyayar,eger ulanylyan höwurat arassa ahal-teke aty bolman yerine iňlis aty ulanylsa,onda sap gan ahal-teke atynyň tohumy yityär. Bu jenayatyň öňuni almak maksady bilen biz, Yewropa-da Yanardag Halkara ekspert merkeziniň duybuni tutduk we merkeziň adyndan Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017 oyunlaryny terk etmäge dunyä jemgyyetçiligini çagyryarys.

Berdimuhammedow ahal-teke bedewini özyniň şahsy at-abrayyny beygeldiji reklama hökmunde ullanyar. Emma iş yuzunde bolsa Berdimuhammedow ahal-teke atlarynyň ganyny gatyşdyryp tohumyny gyrmakda iň esasy gunäkärleriň biri.

C-1- Size soňky sowalym, häzirTurkmenistanda näçe sany ahal-teke tohum aty bar?

G.K.- Jemi 2.000 atdan ybarat suriniň 150-250-e golayy arassa tohum  diyip aytmak mumkin.Tohum atlaryň hasabaty Nyyazowyň athanasynda entäk juda az derejede bolsada,yöredilyär. 2010-njy yylda,haçan meniň atlarym konfiskaçiya edilende,şol atlaryň 100-den gowragy Nyyazowyň athanasyna ugradyldy. Yene-de meniň  tohum atlarymyň 30-40 sanysy prokuratura,poliçiya, gumrukhana we serhet gulluklarynyň özarasynda paylaşyldy. Bu gulluklara menuň atlarymyň berilmeginiň yeke sebäbi öz atlarymy yzyna satyn almaga yol bermezlik,hem-de meniň atşynasluk hereketlerime garşylyk etmäge we gadagançylyk girizmäge nietlenen gulluklardy.

Bu gulluklar,galan ömrumde aylawda we atlaryň golayynda görunmejegim barada-da talap edip menden dil haty aldylar.

 

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 23 Apr 2017

Kategoriýalar: MEDENIYET