>
Turkmenyurttv

Suyrenmäge Buyrulan,- Bedew Munup at Almaz!

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 07 May 2017

Geçen hepde Turkmenistanda geçirilen sport we medeni çäreleri,Halkara jemgyyetçiliginiň turkmeniň milli medeniyetiniň göz-guwanjy hasaplanyan ahal-teke atlarynyň yok edilmeginiň öňuni almak uçin edyän tagallalarynyň we çagyryşlarynyň ustunden gulmek hepdesi boldy diysek yalňyşmarys.

Munuň hut şeyledigini diktator Berdimuhammedowyň iki yuzli yalan syyasaty doly subut etdi. Geçirilen konferençiyadyr-atçapyşyklar, Gurbangula sowgat berilen bedewler, gowşyrylan medallar,we Turkmenistanyň ahal-teke atçylygyna gönuden-göni dahyly bolmadyk adamlara Turkmenistanyň at gazanan atşynasy diylen hormatly atlaryň dakylmagy,hem-de geçirilen bu çärelerde döwlet gaznasynyň hasabyna edilen tarhandökerlikleriň ählisi diňe bir maksada,-Gurbangulyny, onuň ata-babasyny,ejesini we agtygyny mahabatlandyrmaga gönukdirildi.
Hemişe bolşy yaly,göz uçin çagyrylan myhmanlaryň arap döwletlerinden gelen adamlardan özgesi tutuşlugyna, Gurbangulynyň sowgat paylan, Aziada 2017 bagyşlanyp tikilen sport egin-eşiklerini geyip tribuna çykdylar. Bär-de belläp geçmeli bir zat, bu çäre soňky edi yylyň dowanynda geçirilyän birsyhly çärelerden uytgeşik tapawudy yok. Öňunden hemmä mälim bolşy yaly ähli çapyşyklaryň yeke-täk yeňijisi G.Berdimuhammedow bolmagynda galyar.Gurbangulynyň agtygy Kerimgulyňam aylawda görunmegi hiç kim uçin täzelik däl. Aylawda yeňiş gazanan Gurbangulynyň bu gezekki çapan Miras atly bedewini, hamana Kerimguly seyislänmiş diylip millete yglan edildi. Mirasyň boynuna dakylan alajany bolsa, Gurbangulynyň ejesi hut öz eli bilen işenmiş. Gassaba yag gaygy-geçä jan gaygy diyen nakyldan ugur alyp at çapmaga mejbur bolan, yurda ady belli çapyksuwarlar bolsa, Gurbangulyň syrtynda guma-tozana garylyp, hormatly ikinji orun uçin öz aralarynda yaryşyarlar.
Bu tomaşa syn edip duran daşary yurtly myhmanlar bolsa, özlerine yedi yyl bäri mugt berilyän yol kireyi,mugt otelleri,mugt naz-nygmatlary we gymmatbaha sowgatlary jomartlyk bilen eçilyän diktatora ak yurekden begenip,şowhunly el çarpyp, öz minnetdarlygyny ayan edyärler. Gurbangulynyň bu masgarabazlygy Rim imperatory Nerony yadyňa salyar. Ähli çäre we bayramçylyklar bir adamyň daş-töwereginde bolup geçyär we oňa bagyşlanyar. Daşary yurtly myhmanlar Gurbangula baş egip tagzym etse, yurda ady belli çapyksuwarlar Gurbangulynyň yzyndan leňkildäp gelmäge mejbur. Bu gurnalyan tomaşalarda kemlik edyän diňe bir zat,ol hem Neronyň edişi yaly, diri adamlar oda yakylanok. Şoňa-da şukur!


Geçirilen bu çärelerde göze görunmeyän käbir uytgeşiklerem bar. Birinjiden,gelen myhmanlaryň arasynda arassa ahal-teke tohumyny ösduryän we bu meselä çynlakay garayan hakyky atşynaslar we bilermenler, öňki döwre garanyňda gaty az. Ikinjiden,öňkulere garanyňda bu yyl diktatoryň diliniň syuyjänligi görnup dur. Ol gelen myhmanlar bilen gaty mylayym gurleşip,tohum atlary gorap saklamak we gan gatyşdyrmazlyk barasynda olar bilen söhbet etdi. Bu meyilleriň we gurruňleriň soňy nirä baryp yeter, ony yakyn gelejek görkezer.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 07 May 2017

Kategoriýalar: TÄZELIKLER