«TÜRKMENISTANYŇ GRAŽDANLARYNYŇ HUKUKLARY WE AZATLYGY» GURAMASYNYŇ LEBAP HEM-DE MARY WELAÝATLARYNA GELEN TEBIGY BETBAGTÇYLYGYŇ NETIJELERI SEBÄPLI AÇYK ÝÜZLENMESI
Häzirki wagtda tebigy betbagtçylygyň gelen sebitlerinde adamlaryň ölendigi, dereksiz ýiten çagalaryň bardygy belli edildi, emma ýitgileriň sanynyň näçedigi bize belli däl, ýöne biz ýagdaýy öwrenmegi dowam etdireris. Adamlaryň ýaşap oturan jaýlaryna köp zyýan ýetipdir, käbir tamlary suw basypdyr. Elektrik geçirijiler üzülipdir. Munuň netijesinde, Türkmenabatda häzire çenli-de elektrik üpjünçiligi ýok, suw kesilen.
07 May 2020