TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
09 Mar 2022Awtor: turkmenyurt
Senesi: 28 Mar 2019
Mart ayynyň 19-20 aralygynda yagan guyçli yagyş zerarly Balkan Welayatynyň Gyzylarbat we Gazanjyk şäherlerini sil suwy basdy.
Sil suwy Gyzylarbadyň demir yoldan gayrasynda yerleşen bölegini tutuşlayyn diyen yaly gark etdi. Täzelikde gurulan “elitnyy” atly jaylaryň ählisiniň yerzeminleri we garajlary suw astynda galdy. Fundamentiň çökmegi netijesinde we yumrulmak howpy abanany uçin, bu jaylarda yaşayan adamlar öz kwartiralaryny terk etdiler. Şäheriň ileri tarapynda, siliň akyan çayynyň töwereginde yerleşen köçeleriň jaylaryny hem sil suwy basdy. Ilat hökumetden kömek bolmansoň öz jaylaryny suw nasoslaryň kömegi bilen halas etmäge synanşdylar. Sil gelmegi netijesinde, näçe adam öy-öwzarsyz galdy? Bu barada häkimiyetler hiç bir maglumat bermeyärler. Bize gelen habara görä weyrançylyk gaty uly we bir çopanyň wepat bolanlygy aydylyar.
Gazanjykda yagday has-da agyr, sil suwy şäheri tutuşlygyna diyen yaly basypdyr. Dört adam wepat bolup, muňlerçe adam öy-öwzarsyz galdy. Köp bölegi elektrik yşyksyz galan şäherde, agyz suwunyň we iymit önumleriniň gytçylygy örän yiti duyulyar. Hökumet bu ilata-da kömege gelmedi.
Yeri gelende belläp geçmeli möhum bir zat, sil suwy bu regiyony geçen yylyň yazynda hem basypdy. Biz ol hadysa bilen baglanşykly eden çykyşymyzda, gelejekki betbagtçylyklaryň öňuni almak uçin, sil gelyän çayyň arassalanmagynyň we siliň öňune bentleriň gurulmagynyň zerurlygy barada, şol sanda Mary welaýatynyň Guşgy etrabynda sil belasynyn öňüni almak üçin edilmeli işler barada häkimiyetlere öz pikirimizi aydypdyk.
Emma, görşumiz yaly hökumet tarapyndan bu ugurda jinnek yalyda iş edilmändir.
Näme sebäpden Haramdag Berdimuhammedow halkymyza asla hiç bir peyda bermejek Turkmen Kölune we onuň töwereginde gurulmaly jaylara we ol yere çekilmeli asfalt yola, Gökdepäniň etegindäki köluň gyrasynda guryan äpet-äpet gurluşyklara döwletiň gaznasyndan milliardlarça dollary harçlayar-da, yyllar boyy tebigy betbagtçylykdan ejir çekip oturan Balkanyň we Marynyn ilatyna asla kömek edenok?
Mary we Balkan welaýatlary Haramdagyn dogduk depesi däl, bu hemmä düşnükli. Guşgy, Gazanjyk, Gyzylarbat bolsa, ony gyzyklandyrýan etraplara degişli däl.
Nyýazow döwründe-de ýer titreme zerarly ejir we pida çeken Gazanjyk we Gumdag barasynda hiç bir zat aydylmandy we ilata degişli kömek edilmändi. Häzirem şeýle.
Bu topraklarda pagtaçylyk ýok diýen ýaly. Awazanyn deňiz yakasyna harç edilen milliardlarça dollar yele sowruldy. Indi ol topraklarda lomay ogurlyk edere mumkinçilik ýok diýseňem boljak. Guşgy etrabynda-da halk esasan maldarçylyk bilen meşgullanýan. Bu topragy suw-sil gark etse-de, Haramdagyn we onuň ogry tohumynyn saçagynda goýun etinden bişirilen çişligin tukenmejegi hemmä belli.
Emma her bir ejir çekýän maşgalada, her bir raýatda-näme sebäpden Haramdag bir butewi döwletiň milletini ala tutyar? Diýen kanuny sorag ýüze çykýar. Bu diňe bir Balkan bilen bagly meselede däl, Daşoguz, Lebap, Mary welayatlarynyň ilatyna-da Berdimuhammedow öwey göz bilen garayar. Turkmenistana gelyän ähli girdejiniň 90 göterimi şu dört welayatyň çekyän zähmetiniň hasabyna emele geyär ahyry?
Näme sebäpden Turkmenistanyň Hökumet agzalary, pudak ministrleri, Sud we Prokuratura yolbaşçylary, – Bularyň ählisi Gökdepe-de ya-da Bäherden-de dogulan adamlardan ybarat? Galan milletiň bulardan akly kemmi ya-da bilimi pesmi? Hat-da diktator Nyyazowam beyle wejeralyga yuz urmandy we yol bermändi.
Bir butewi halky yerlilik we tire-taypalyk ayratynlygy, beyikli-pesligi bilen ölçerip-kesgitleyän Haramdag, hernäçe sapalak atsa-da, bu gun bolmasa erte, eden ähli jenayatlary uçin halkyň öňunde, kelle yalaňaçlap jogap bermeli bolar!