TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
09 Mar 2022Awtor: turkmenyurt
Senesi: 13 Jun 2017
“Eger Turkmenistan Eyranyň teklibine razy bolmasa onda, Yslam respublikasy geçen gyşda Eyrana akdyrylyan turkmen gazynyň möçberini azaldylanlygy sebäpli Turkmenistany Halkara Arbitraj suda bermekçi”.
Bu barada Eyranyň milli Gaz Kompaniyasynyň baştutany Hamid Reza Araki IRNA agentligine habar berdi. Turkmen gazy bilen baglanşykly bu dawa-jenjel 1,8-2 milliard dollar ustunde baryar. Bu bergi 2007-2008-nji yyllarda esasy kontraktdan daşgaryn, Eyranyň goşmaça alan turkmen gazyna kesilen nyrhdan emele geldi. Esasy kontrakt boyunça Turkmenistandan Eyrana akdyrylan gazyň her 1000 kub.metriniň bahasy 40 dollardan ybarat. Emma goşmaça akdyrylan gaz uçin bolsa, Turkmenistan Eyrandan 360 dollar talap edyär.
Prezident Hasan Rouhanyň administraçiyasy soňky uç yarym yylyň dowamynda Turkmenistandan alnan ähli gazyň töleglerini doly berjay edenligini,ol dawaly gazyň söwdasy bolsa öňki hökumet bilen edilendigini öňe surup,bu meseläni yene bir gezek ara alyp maslahatlaşmagy turkmen hökumedine teklip edyär.
Bu dawanyň soňy näme bilen gutarar? bu bize mälim däl, yöne dunyä bazarynda gazyň bahasy 360 dollar bolan döwri, näme uçin turkmen gazy Eyrana dokuz esse arzan nyrhdan, yagny, bary-yogy 40 dollardan satylypdyr? Bu akyla sygmajak söwda nämäniň alamaty? Bär-de korrupçiyon söwdanyň bolanlygy göze durtulip dur. Meselem, ylalaşyga gelnen nyrhyň diňe bir ujypsyzja bölegi kontraktda görkezilip döwlet gaznasyna tölenyär, galan lomay nyrh bolsa nagt pul görnuşinde yada altyn we gymmatbaha daşlar görnuşinde turkmen prezidentiniň şahsy gaznasyna ugradylyar. Bu korrupçion duzgun Nyyazow döwrunde yola goylup, Berdimuhammedow tarapyndan gyl gyşartman dowam etdirilyär.
Turkmenistan öz döwlet Garaşsyzlygyna eye bolaly bäry geçen 25 yylyň dowamynda diňe gaz söwdasy bilen baglanşykly korrupçion şertnamalaryň usti bilen turkmen gaznasyndan yuzlerçe milliard dollar pul ogurlandy. Turkmen gazynyň hasabyna millioner we milliarder bolan adamlaryň sany dunyä yuzunde barmak basyp sanardan gaty köp.Gynandyryan yeri,şol baylyklaryň hak eyesi turkmen halky, hor-homsy durmuşda yaşayar. Yapyk gapylaryň aňyrsynda edilyän bu jenayatlardan turkmen halky asla bihabar,halkyň we döwletiň goragynda çykyş etmeli Parlament we guyç ulanyjy guramalar bolsa,diktatoryň öňunde yazylyp yatyr.