>
Turkmenyurttv

“Faraon” Berdimuhammedowyň ogly döwleti dolandyrmaga tayarlanylyar.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 20 Apr 2017

2016-njy yylyň 15-nji iyulynda Turkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhammedow öz, yörute permany bilen Daşary işler ministrliginiň duzumine birnäçe uytgetmeleri girizdi. Netije-de,(ANT habar gullugynyň maglumatyna görä) Berdimuhammedowyň ogly Serdar,Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesini eyeledi.

2008-nji yyida S.Berdimuhammedow öz atasynyň kömegi bilen hem-de Turkmenistanyň Orsyetdäki şol döwurki ilçisi Halnazar Agahanowyň dynuwsyz gözegçiligi we hemayaty bilen Orsyetiň Diplomatik akademiyasyna okuwa giryär. Akadmiyanyň kadrlar we soçial meseleler boyunça prorektory W.M.Ratkiniň aytmagyna görä Serdar, rus dilinde çala sowatly we öwredilyän sapaklary özleşdirip bilmeyän talyp bolupdyr. Serdaryň kursdaşlarynyň aytmagyna görä,onuň yanynda elmydam bir janpenakär bolup, ol şonsyz hiç bir yere eke özi gitmeyän we kursdaşlary bilen hem asla yakynlaşmayan eken.Şol sebäplere görä-de Serdaryň ne dosty ne-de yarany bolmandyr. Studentler onuň ikinji diplomynyň barlygyna garamazdan Akademiyanyň talaplaryna gabat gelyän ylmynyň yoklugyny bellemek bilen bir hatarda Serdary elmydam yaňsa alar ekenler. Egerde Serdar prezidentiň dogmasy däl-de, yönekey bir talyp bolanlygynda, onda onuň bu okuw jayynda yzak saklanmajagy, hemmä duşnukli-di. Elbetde, Serdara bu okuw mugt duşmändi, oňa “kömek” beren mugallymlaryň, esasanda Akademiyanyň repetitorlarynyň edyän hyzmaty islendik döwurde-de gaty gymmatdy. Serdara edilen bu çykdajylaryň ählisi döwlet gaznasyndan tölenendigine hiç bir şubhe yok.

“Biziň akademiyamyzyň bular yaly studenti okuwa alyanlygy gaty utanç. Beyle görnuksiz, garasöymez adamy atasy Turkmenistanyň Daşary işler ministri, belki-de prezidentlik wezipesine tayyarlayar.Gynansak-da,talantly,akylly-bilimli yaşlar biziň Akademiyamyza girmek hukugyndan mahrum. Emma atasynyň wezipesine dayanyp we döwletiň serişdesiniň hasabyna akademiyada okayan bu student, sungat sözuniň nämedigine duşunenok. Turkmenistanda bar bolan hakyky zehinli yaşlarda bolsa Serdaryňky yaly mumkinçilik yok” diyip prorektor B.M.Ratkin aydyar.

Elbet-de, 2011-nji yylda Serdar Akademiyany gutaryp,halkara gatnaşyklar boyunça hunärment boldy. Okuwdan soň ol ya Daşary işler ministri,ya-da Mejlisiň başlygy bolmak uçin Turkmenistana dolanyp bardy. Häzirki döwur Serdar eyyäm ylymlaryň doktory diyen derejä baryp yetdi we özune şol derejä layyklykda hormat -sylag goyulmagyny ol talap edyär. Emma iş yuzunde welin,ondan beter bilimsiz,sowatsyz adama sataşmak, gaty çetin.

Gynansak-da, Orsyetiň Daşary işler ministrliginiň Dipakademiyasynyň prorektory B.M.Ratkin Serdara beren häsiyetnamasynda mamla bolup çykdy. Eysem-de, “Alma, şahasyndan gaty uzaga gaçmayar”, ahyryn.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 20 Apr 2017

Kategoriýalar: TÄZELIKLER