>
Turkmenyurttv

Ekerançylyk, Maldarçylyk We Balykçylygy Ösdurmek Bahanasy Bilen Edilyän Ogurlyklar Barada

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 04 Mar 2019

02.04.2019. Sweçiya. Halmyrat Söyunow.

Hormatly watandaşlar! Geçen hepde tutuşlygyna diyen yaly Haramdag Berdimuhammedowyň we onuň ogly Serdar misginsokaryň, owal hem boşap yatan döwlet gaznasyny derbi-dagyn etmek maksady bilen göz öňune tutyan, äpet uly gurluşyklary bilen bagly boldy.

  1. Täzelikde Ahal welayat başlygynyň orunbasarlygyna bellenen S.Berdimuhammedow, ilki bilen bahasy 2 milliard 300 million diylip yglan edilen yol gurluşygyna badalga beren bolsa, häzir ol Gökdepäniň etegindäki emeli köluň töwereginde oba hojalyk we iymit önumlerini öz içine alyan durli görnuşdäki kärhanalaryň, şol sanda demir-beton önumlerini önduryän täze zawodyň hem gurluşygyny yglan etdi.
  2.  
  3. G.Berdimuhammedowam ogurlykda öz oglundan pes galmajak bolup Nyyazow döwrunde duybi tutulan, hem-de 13 yyl bäri Haramdaga döwlet gaznasyndan yuzlerçe million dollary ogurlamaga bahana bolan “Altyn Asyr” atly turkmen köluni, döwleti talamak uçin yene bir gezek ullanmak isleyär. Ol 28-nji fewralda, turkmen kölune täze asfalt yol çekmek, balyk kombinatyny gurmak, köluň golayynda maldarlar, ekerançylar we balykçylar uçin niyetlenen 100-den gowrak yaşayyş jaylaryny gurmagy planlaşdyryar.

Geliň şu yerde bir zada uns bereliň, 2007-2018-nji yyllar aralygynda Turkmenistanyň tutuş girdejisiniň takmynan 80-85 derejesi Haramdagyň islegi we permany esasynda, Aşgabada we onuň töwerek daşyna harçlandy. Döwlet gaznasynyň esasan, şu dört welayatyň zähmetiniň hasabyna emele gelyänligine garamazdan, näme uçindir paylaşykda olar deň tutulmayar? Näme sebäpden beyleki welayatlara Haramdag we onuň tohumy ala göz bilen garayar?

Adalatyň hatyrasyna aydylmaly zat, yurtda pajarlap ösen IŞSIZLIK problemasy esasan şu dört welayata degişli bolup dur. Ekerançylyga, maldarçylyga we balykçylyga yaramly yerler we suw howdanlary bu welayatlaryň ählisinde-de bar. Akly yerindäki yolbaşçy işsizligi ortadan ayyrmak uçin bu göz öňunde tutulyan kärhanalary ilkinji nobatda şu dört welayatda guraymaly yaly. Emma, Haramdag öz hötjetligi, keçjallygy, samsyklygy we diydimzorlygy bilen döwletiň ähli puluny Aşgabada we onuň töweregine, äpet-äpet gurluşyklara harçlayar.
Ol näme uçin beydyär?

Birinjiden, döwletiň gaznasyndan milliardlarça dollary ogurlamagyň iň aňsat yoly,gurluşyk bilen baglanşykly. Nyyazow tarapyndan yola goylan äpet möçberdäki bu ogurlyklar, indi 27 yyl bäri yzy uzulmän dowam edip gelyär.

Ikinjiden, diktatoryň öz dogduk depesine ayratyn uns bermeginiň aňyrsynda, birden-kä, beyleki welayatlar oňa garşy baş göterse, Ahalyň halky oňa arka durar diyen, duybi çuyrik umyt yatyr.

Bu janagyrly meseleler barada hepdeläp-aylap gurleseň-de material yeterlik,yöne men diňe bir meseläniň usti bilen Haramdagyň edyän gözboyagçylygynyň ustuni açmaky. Ol hem balykçylyk bilen bagly mesele.
Bilşimiz yaly Kaspi ya-da Hazar deňzi bekre balykdan başlap tä çapak balyga çenli, onlarça durli balyga bay deňiz. Hazaryň daş töwereginde yerleşen bäş döwlet özara ylalaşyk esaynda, bellenen möçberdäki,yagny kwota boyunça durli balyklary tutmak hukugy bar. Beyleki dört döwlet özune degişli durli balyklar bilen bir hatarda gymmatbahaly bekre balygy we onuň işbilini tonnalap tutyarlar. Yewropa-da, gara işbiliň bir kilogrammy bir muň dollardan satylyar.

Indi, Turkmenistan öz kwotasyna degişli balygy tutyan bolsa,ol balyklar nirä satylyar? Diňe Kaspiden tutulyan durli-durli balygyň hasabyna tutuş Turkmenistany yokary hilli,yokumly we adam uçin örän peydaly önum bilen doly upjun etmek mumkin. Şol sebäbe göräde, turkmen kölunde we Gökdepe suw howdanynda ikinji-uçunji sortly,gylçykly balyklary ullakan çykdajy edip ösdurmegiň, hiç bir zerurçylygy yok.

Galyberse-de, beyleki Kaspi kenar döwletlere satuwdan yuzlerçe million dollar girdeji getiryän bekre balygyň işbilini Turkmenistan nirä gurum-jurum edyär? Gizlin yollaryň usti bilen Turkmenistandan çykarylyp beyleki döwletleriň gara bazarynda satylyan bekre balykdan we onuň işbilinden duşyän ägirt uly pullar kimiň jubusine gelip duşyär?
Egerde, bu ummasyz girdejiler Haramdagyň tohumyna däl-de, döwletiň gaznasyna gelip duşenliginde, onda, Kaspiniň durli balyklary halkymyzyň saçagyny bol-elin bezärdi. Balkan welayatynyň kenaryakasynda hor-homsy durmuşda yaşayan ilat bolsa, hem iş orunlary bilen, hem-de agyz suwy bilen doly upjun edilerdi.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 04 Mar 2019

Kategoriýalar: SYYASAT TÄZELIKLER