>
Turkmenyurttv

Din azatlygy – Türkmenistan Aýratyn Alada Bildirýänleriň Hatarynda

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 04 May 2020

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ Halkara din azatlyklar baradaky 2020-nji ýyl üçin ýyllyk hasabatyny çap etdi. Şonda ABŞ-yň Döwlet departamenti Türkmenistandaky ýagdaýyň ýaramazdygy bilen baglanyşykly sanksiýa häsiýetli birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Onda hususan-da, Türkmenistandaky din azatlygyna basyş edýän jogapkärli şahslaryň maliýe serişdelerini doňdurmak hem-de olara ABŞ-a barmaga gadagançylyk girizmek teklip edilýär.Bu şahsy sanksiýalardan daşary-da, ABŞ-yň hökümeti Türkmenistany ýene-de aýratyn alada bildirýän ýurtlaryň hataryna galdyrýar. Türkmenistan wyždan bendileriniň kimlerdigini aýan etmedik we ähli wyždan ýesirlerini erkinlige çykarmadyk ýagdaýynda, olary hiç bir dereksiz ýok etmek praktikasyndan el çekmese hem-de häli-şindi ajy habarlar çykyp duran Owadandepe türmesinden boşatmasa, iň ýokary derejedäki syýasy basyşlary nazarda tutmaly diýlip, hasabatda aýdylýar.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 04 May 2020

Kategoriýalar: SYYASAT TÄZELIKLER