TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALASKAR GELDI KÄRIZOWYŇ SAÝLAW MAKSATNAMASY
09 Mar 2022Awtor: turkmenyurt
Senesi: 08 Apr 2019
Tasdanam 100% sowatsyzlyk, asfalt yollarynyň, elektrik we suw upjunçiliginiň yoklugy, diňe Zakaspi (häzirki Balkan) oblastynda alynyan nebit diyyäymeseň, yerasty baylyklar barasynda asla hiç bir ylmy bilimleriň bolmazlygy,- Ine, bu doly bolmadyk sanawlar Turkmeniastanyň 20-nji asyryň başyndaky ösuş derejesininiň görkezijileri. Öz saglygyny bejertmek uçin Ilat köpçuliginiň körzehin tebiplere yuzlenmäge mejbur bolanlygyny göz öňune tutsak, onda,mediçina hyzmatynyň yurtdaky derejesini göz öňune getirmek kyn däl. Sowet häkimiyeti saglygy saklayyş meselesinde Merkezi Aziyadaky respublikalara ayratyn uns beryärdi. Hernäçe yerliksiz bolsa-da, Staliniň lukmanlara garşy geçiren repressiyalary zerarly köpsanly iň yokary derejeli mediçina ugrundan kitap yazan bilermenleri,mediçina ylymlarynyň doktorlary, professorlar Orta Aziya, şol sanda Turkmenistana surgune ugradylandygyny,hem-de ol adamlaryň bu yurtlarda mediçina hyzmatynyň derejesine örän belende göterenligini belläp geçmek zerur. Aşgabadyň Mediçina Instituty, SSSR-iň iň yokary derejeli okuw jaylarynyň biri boldy. Turkmen Döwlet Mediçina Institutynyň duybi 1932-nji yylda, professor Parabuçew tarapyndan tutuldy.
Okuw, ylmy we bejeriş sapaklary iň yokary derejeli bilermenler we mugallymlar tarapyndan alnyp barylyardy. Ylymlaryň doktorlary bolan ol adamlar syyasy we milli degişliligi boyunça Sowet Soyuzynyň gyrak-çetlerine surgun edildiler. Asly Moskwadan, Leningraddan, Kiyewden, Odessadan bosgun edilen bu adamlaryň millet duzumi yewreylerden, polyaklardan,ukrainlardan, ruslardan ybaratdy. Bu adamlaryň yazan okuw we ylmy işleriniň netijesi, tutuş SSSR-iň giňişliginde ullanylyardy. Hut bu bilermenleriň gönuden-göni gatnaşmagynda Turkmenistanda mediçina ugrundan ilkinji milli kadrlar tayyarlandy. Beyik Watançylyk urşy tamamlanansoň täzelikde repressiya edilen we häkimiyetlere oňayly bolmadyk professorlar we bilermenler öňki surgun edilenleriň ustuni doldurdylar. Parabuçew,Bodyazina,Wençikow, F.Serebryannik, Yaşkow, L.Serebryannik, N.Ýermilow we yene-de yuzlerçe akyldar we bilimdar lukmanlar öz bilimlerini we öz ömurlerini turkmen halkynyň bagtly durmuşyna bagş etdiler. Ol adamlaryň beren we okadan ylymlarynyň netijesinde Sary Karanow, Myrad Berdyklyçew, Narzy Nurmämmedow, Çary Bayryyew yaly saglygy saklayyş pudagynyň ägirtlerinden daşgaryn yuzlerçe we muňlerçe milli kadrlar ösdurilip yetişdirildi. Bu gun gulkinç hem bolsa, olaryň arasynda häzirki diktator G.Berdimuhamedowam bar. SSSR dargansoň S.Nyyazow asly turkmen bolmadyk adamlary çetleşdirip başlady. Elbetde, bu meselede saglygy saklayyş pudagy hem gyrak çetde galmady. Sebäp sözuň doly we göçurim manysynda lukmanlaryň eli halkyň yurek urşuny kesgitleyärdi, milletçilik duygulary bolsa bu aragatnaşygy duypgöter uytgetyärdi.
Turkmenler ol lukmanlaryň gadryny bilyärdiler we her sapar kabulhana gelenlerinde- Hany, Rus doktor yokmy? diyip sorayardylar. Beyle yagday tä 2000-nji yyllara çenli dowam edipdi.
Haçanda G.Berdimuhamedow medinstituta yolbaşçylyk eden döwrunde bu ylmy ojak öz ylym-bilim derejesini yitirmek bilen bir hatarda, iň erbedi, mediçina kadrlarynyň dowamlylygyny, önjeyligini yitirdi. Diktaturanyň hökum suren 10 yylynyň dowamynda owal 50 yyllap amal edilen ähli tagallalar yurdy mäkäm gurşap alan korrupçiya we milletçilik zerarly, doly puja çykaryldy. Milleti turkmen bolmadyk ähli bilermenler kowulyp yurtdan çykaryldy. Ylmy derejesi bilen ölçenmeli derejeler yaranjaňlyk,lepbeygulçylyk we prezidentiň beyikligi bilen kesgitlendi.
Tutuş yurtda mediçina hyzmatynyň derejesi, uruş yyllarynyň öňusyrasyndaky derejä çenli pese gaçdy. G.Berdimuhammedowyň özuni jemagatyň öňunde yeňleslik bilen alyp barşy, edil aynada-ky şekil mysalynda yurduň ähli pudagynda, esasanam mediçina pudagynda synlamak bolyar. Esasy zat , binalaryň daşky sypaty,içi bolsa daşary yurtlardan sökulip getirilen köne, yuzune täze reňk çalnan mediçina enjamlary bilen gurnalan keselhanalar barasynda dil yarmak,hemmeler uçin gadagan. Sebäp, diktatoryň biznes gazanjy, mediçina işgärleri bolsa onuň golasyndaky, ol çäreden bu çärä ylgap, Arkadaga şöhrat diyip, gygyryp yören yaranjaňlar. Derman satuwyndan gelyän ähli girdeji, diktatoryň jubusine gelip duşyär, emma gonamçylykdaky gunsayyn ösyän tummekler, hamana, Turkmenistan öz daş-töweregindäki ähli döwletler bilen birbada uruş alyp baryarmyka?, diydiryär. Häzirlikçe diriler bolsa öz ömruni payawlap yörler, ya-da yurdy terk edip gitdiler.
Haçan-da, G.Berdimuhammedow saglygy saklayyş ministri bolan döwri, ol milleti turkmen bolmadyk işgärleri kowmak bilen bir hatarda, ähli okuw gollanmalaryny turkmen diline geçirmek barada buyruk berip, bu gollanmalary yazan adamlardan razylyk almazdan, olary awtorlyk hukuklaryndan mahrum etdi. Diktator ol kitaplary, ylmy işleri öz adyna geçirmek bilen medinstituty ylmy gorundan, yagny, bazasyndan mahrum etdi.
Aslynda, kişiniň emlägine göz gyzdyrmak we elinden gaňryp almak, tuykesme kezzap we at ogrusy G.Berdimuhammedowyň ömruniň manysy we esasy pişesi. Gunbataryň ylmy neşirlerini dil bilmezligi sebäpli lukmanlara okamak mumkin däl, Rusyetiň neşirlerini goldanmak bolsa, milli yigrenç zerarly lukmanlara gadagan edilen. Yurtda alnyp barylyan syyasat bilen razy bolmadyk lukmanlary bolsa uzak çetde yerleşen obalara göçmäge mejbur etdiler. Olaryň ornyny bolsa ot-çöp bilen hassa bejeryän tebipler eyelediler. Tebiplere bolsa hökumet, hak-heşdek tölänok.
Berdimuhammedowyň dermanlyk otlar barada yazan kitaby, häzirki zaman mediçina ylmyny ortadan ayyrdy. Lukmanlaryň sany gunsayyn azaldylyar. Syyasy we Ykdysady taydan gorpa duşurilen Turkmenistan, ustesine saglygy saklayyşy hem çokerdi. Edil diktator Staliniň zamanasynda edilişi yaly,saglygy saklayyşa uytgetmeler girizildi. Häzir şepagat uyalarynyň zamanasy möwç alyar. Olar lukmanlaryň ustunden gözegçilik edyärler we şugulçylyk bilen meşgullanyarlar, para-peşgeşem olaryň usti bilen berilyär. Saglygy saklayyşa urlan soňky urgy, mediçina işgärlerini geň-taň galdyran hadysa, Turkmen Döwlet Mediçina Uniwersitetine Myrat Garryyewiň adyny dakmak barada G.Berdimuhammedowyň 2019 yylyň 4-nji martynda çykaran karary bilen baglanşykly.
Myrat Garryyew, Daşkentiň mediçina institutynyň farmakologiya böluminiň uçurymy, Onjuk Musayew- Medinstitutyň filosofiya kafedrasynyň öňki mudiri, Gözel Şagulyyewa bolsa ady belli köşk şahyry.
Bularyň uçusi hem edil Stalin döwrunde uçlukleriň ullanylyşy yaly, diktator Nyyazow hem bu uçlugi halkyň garşysyna alyp baran repressiw çärelerinde ustünlük bilen ullandy. Turkmenistanda diktaturanyň duybini tutmakda, ony yaybaňlandyrmakda yöredilen pelsepäniň, yagny ideologiyanyň duybuni tutujular, yokarda atlary tutulan şu uçlukden ybarat. Turkmenistanyň mediçina ylmyna jinnek yaly-da goşandy bolmadyk M.Garryyewiň adynyň uniwersitete dakylmagy, diňe bir zady, Watanyň we Halkyň Öňunde bitiren hyzmatlary uçin dälde, diktatora şahsy wepadarlygy uçin dakylyandygyny aňladyar.
Myrat Garryyew diktator Berdmuhammedomyň dogduk depesiniň golayyndaky obada dogulan we öz aňrybaş yaranjaňlygy bilen yakasyny tanadan adam. Ol dini meselelere gözegçilik etmek boyunça özune ynanylan wezipäni diktatorlary gije-gundiz taryplamak bilen bir hatarda halk köpçuligine bu kezzap hökmurowanlaryň halkymyzyň başyna alla tarapyn inderilendigini, utanman-uyalman wagyz edipdi.
Eger-de, Medinstitutyň duybini tutujy Parabyçewiň ady gayry millete degişli bolanlygy uçin dakylmaga mynasyp däl bolsa, onda atlary yurda belli professorlar Sary Karanow, Myrat Berdigylyjow, Çary Bayryyew, Narzy Nurmämmedow, bu şahslar näme sebäpden unydylyar? Bular tujäret melguny we syyasy jelep Myrat Garryyew kimin Turkmenistanda diktaturanyň duybini tutmaga gatnaşmakdan yuz öwurendikleri uçin häkimiyetler tarapyndan unudulyarmy?
Elbet-de, hakykatdanam adam ömruni halas eden lukmanlaryň atlary diktator tarapyndan ykrar edilmeyär. Öz käriniň ussatlary bolan W.Kuznetsow, A.Petrow, S.Osipow, S.Solomentsowa, G.Siniçyna, Y.Abramowa, W.Radzinskiy, E.Ulmasowa, K.Makeyewa, I.Yefimenko, Şakylyçewy, S.Sadykowa, A.Sobolew, N.Neçeporenko we başga-da örän köp lukmanlar diktatora gerek däl, sebäp ol özuni we tohumyny daşary yurtlarda bejerdyär. Esasanam, bize gelip gowuşyan habarlara görä,diktatoryň ene-atasyna gözegçilik etmek we bejergi bermek uçin nemeç bilermenleri uçar bilen wagtal-wagtal Turkmenistana gelyärler.
Halkyň saglygy, diktatoryň aladasy däl, we ony asla gyzyklandyrmayar. Esasy, onuň öz tohumy gerekli wagtynda, gerekli mediçina kömegini we bejergini alyar. Galan halk bolsa, öz saglygynyň aladasyny özi etmeli. Diktator Berdimuhamedow, yöne yere halk dönuginiň adyny Mediçina Uniwersitetine dakanok ahyry!