Hormatly watandaşlar! Yaňy-yakyn uly şowhun bilen açylyp,emma häzire çenli doly ulanyşa berilmedik Aşgabat aeroportyna harç edilen pul we material serişdeler barada gurruň gozgamakçy. SSSR zamanyndan miras galan köne aeroptyň ornuna Nyyazowyň permany bilen giň mumkinçilikleri bolan täze aeroportyň gurlandygy hemmämize mälim. Howa gatnawy we turistleriň gelim-gidimi juda az bolan Turkmenistanda döwlet gaznasyndan yuzlerçe million dollar harç edilip gurlan bu bina hiç zaman hem öz doly guyjunde işlemedi. Diktaturanyň hökum suryän yapyk yurdynda uly we giň möçberli howa terminallaryň asla geregi hem yokdy. Bu diňe döwlet gaznasyndan milliard dollarlap pul oguramak uçin gurluşyk pudagynda amal edilen muňlerçe jenayatyň yekeje mysaly.
Nyyazow öldi,onuň 1992-2006 yyullar aralygynda Turkmenistanyň döwlet gaznasyndan ogurlan,takmynan 18 milliard dollary-da, Berdimuhammedow,Hramow,Jadan we beylekiler tarapyndan gurum-jurum edildi.
“Eşek-eşekdem galsa gulagnam kes, burnunam”,- diyen sözi bar turkmeniň.Nyyazowyň ähli pyssy-pujurlygyna şayat,şärik we kömekçi bolan Gurbanguly örän gysga wagtyň dowamynda öz ölen halypasyny tozana gardy.Nyyazow her bir gurluşyk binasyndan onlarça million dollar ogurlan bolsa, Berdimuhammedow bir yuz million dollardan aşakdaky ogurlukly gurluşyklary dyybynden gadagan etdi. 2006-2013 yyllarda Turkmenistanyň tebigy gazy iň yokary nyrhdan satylyp,döwlet gaznasyna ägirt uly moçberdäki walyutany getirdi. Munuň ustesine nebitden,pagtadan we beyleki, daşary yurtlara eksport edilyyän onlarça yerasty we yerusti baylyklary göz öňune tutsak, onda şol yyllarda walyuta Turkmenistana derya bolup akdy diymäge doly esas bar.
Bularyň ustune Berdimuhamedowyň Hytaydan we beyleki golaydaky we daşdaky döwletlerden karz alan onlarça milliard dollarlaryny hem goşsak, onda Gurbangulynyň açgöz,ogry tohumy uçin,hakyky altyn asyr geldi diysek yalňyşmarys. Häzir ol milliardlar döwlet gaznasyndan çykarylyp,Gurbangulynyň,onuň tohumynyň,daşary yurtly yaranlarynyň hem-de Hramowdyr,Jadanyň şahsy hasaplarynda yerleşdirildi.
Artygyň harmanyna dönderilenTurkmenistanyň döwlet gaznasy häzir boş,takrap yatyr. Şol sebäpli adamlara banklardan walyuta satmak gadagan edildi.Netije-de,soňky iki ayyp dowamynda turkmen manadynyň hummedi iki esse aşak gaçdy.Walyuta yoklugy sebäpli budjet işgärlerine iki-uç aylap zähmet haky tölenenok. Gazna boş bolansoň nebit-gaz pudagyna degişli köp kärhanalar yapylyar ya-da işgär sany azaldylyar. Netijede, muňlerçe maşgala gundelik zerur bolan gazançdan mahrum edildi. Bu maşgalalar nädip guzeran dolandyrmaly,nädip agyr maşgalany eklemeli?,Berdimuhamedowyň piňine-de däl.
Sözumi Gurbangulynyň iň soňky amal eden ägirt uly möçberdäki ogurlygy bilen jemlemekçi. Nyyazowyň guran,yarym boş duran aeroportyny sökup onuň ornuna Berdimuhammedowyň bina eden aeroportynyň bahasy 2 milliard 200 million dollar diylip yglan edildi.Ewropa-da gurulyan we uly gatnawy bolan aeroportlaryň göwrumi-de gelşigi-de Gurbangulynyň guran aeroportyndan has uly we enayy. Bir tapawudy,ol aeroportlaryn bahasy bir milliard dollardan aňry geçmeyär.
Yeri gelende belläp geçmeli möhum zat,ol hem islendik aeroportda ullanylyan gurluşyk material, beton bilen ayna we demir armaturlardan ybarat. Betonam,ayna-da Turkmenistanyň özunde öndurilyär.Dyymek, gurluşyga sarp edilen çykdajy has-da az bolyar we bu aeroporyň gurluşygyna sarp edilen pul 700 million dollardan aňry geçmeyär diyen netijä gelse bolar.
Özuňiz deňeşdirip göruň!
Dubay-da gurlan,dunyäniň iň beyik ymaraty hasaplanyan Burj Kalifanyň beyikligi 828 metr we 163 gatdan,etajdan ybarat bina.Bu gurluşyga harç edilen durli we gymmatbaha gurluşyk materiallaryň sany-sajagy gaty köp. Gurluşykda işlän adamlaryň sany-da, zähmet haky-da Aşgabatdaky aeroportda işlän adamlaryňkydan birnäçe esse yokary.
Indi deňeşdirip göruň adamlar,dunyäniň iň äpet binasynyň bahasy, bary-yogy 1 milliard 500 million dollar. Emma Berdimuhammedowyň gös-görtele yalan sözläp,at gaytarym meydan-da gurdum diyyän aeroportynyň bahasam 2 milliard 200 million dollar.
Eger Aşgabadyň täze aeroporty 700 million dollardan aňry geçmese,diymek Gurbangulynyň bu gurluşykdan ogurlan puly ylayyk 1 milliard 500 million dollar bolyar. Bu pula bolsa Turkmenistanda Burj Kalifiň kopiyasyny,yagny ekiztayny gursa bolardy.
Şunuň bilen hormatly watandaşlar G.Bedimuhammedowyň Turkmenistanyň gurluşyk pudagynda edyän ummasyz ogurluklaryn diňe birisine bagyşlanan kyssamyzy tamamlayarys.