>
Turkmenyurttv

Atçylyk,çeper höwesjeňlik däl,bu ylym!

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 20 Apr 2017

Turkmendöwlethabarlarynyň(TDH) beryän maglumatyna görä G.Berdimuhammedow 8-nji yanwarda atçylyk kompleksine baryp ol yerde täzelikde dogulan bir gyr reňkli tayçanaga Ruhybelent diyen at dakypdyr hem-de ol tayçanagy täze yylyň saglyk we ruhybelentlik alamaty diyip häsietlendiripdir.
Täze doglan tayçanagy reňki boyunça meşhur Gyrat bilen deňeşdimezden owal atçylyga mahsus bolan käbir ayratynlyklary bilmek iňňän zerur.
Meselem,Göroglynyň Gyraty turkmen dilinde açyk kul reňk diyen manyny beryär. Rus dilinde açyk reňkli atlara hiç zaman hem ak diyip aydylmayar,olara gyr diyilyär.Sebäp munuň yaly seyrek reňk diňe ahal-teke tohumyna degişli. Izabella ya-da Albinos beyleki atlaryň tohumynda yok. Howwa, hakykatdanam turkmenler gyr reňkli ata hormat goyyarlar. Yöne, TDH-nyň yayradan habarynda goyberilen yalňyşlyk ol hem şundan ybarat. Gyr at hiç zaman hem dogan wagty gyr reňkli dogmayar, tayçanak durli reňkde dogup bilyär we wagtyň geçmegi bilen gyr reňke öwrulip bilyär. Eger-de, aydylşy yaly tayçanak doganda gyr reňk bilen dogan bolsa, diymek bu tayçanak Izabella ya-da Aibinos bolmaly. Beyle aty turkmenler känbir halap duranoklar,şol seböpli beyle tayçanagy Çakan diyip atlandyryarlar. Ir zamanlar bolsa beyle atlary Yezit munen diyip atlandyrar ekenler. Beyle reňkli atlarda şol döwurler yslam dininiň duşmany, yezitler muner eken.
Atçylygyň häzirki zamanynda beyleki reňkli atlar islegsiz,yöne kabul ederlikli hasaplanyar. Beyle reňkli atlaryň gözleri gune çydamsyz bolyar we şol sebäpli olaryň göreji kutek bolyar.Şol sanda bu atlar köplenç deri keselinden,yagny melanosarkomadan ejir çekyärler.
Mysal getirilen tayçanak we onuň reňki nämäni aňldyar we nämäniň ruhy bolup biler,bu atçylyk boyunça Turkmenistanyň baş hunärmenti Berdimuhammedowa has ayan bolmaly.
Geldi Kärizow.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 20 Apr 2017

Kategoriýalar: MEDENIYET