>
Turkmenyurttv

AKMAK SURER DÖWRANY, AKYL ONUŇ HAYRANY

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 02 May 2019

29.04.2019. Şweçiya. Halmyrat. Söyunow.

Hormatly watandaşlar, Turkmenistanyň dört kunjuni basyp alan sil-suw belasy halkymyz uçin örän agyr synag boldy. Tebigy betbagtçylyga uçran halkymyza hökumet tarapyndan jinnek yaly-da peyda bolmady. Tersine, belli bir derejede hökumetiň gunäsi bilen halkymyzyň başyna inen bu weyrançylyklar barada Turkmenistanyň resmi serişdeleri kelam agyz söz aytmadylar.

Adam pidalary, yumrulan jaylar we yollar, läbige batan mellekler, zayalanan pagta we däne meydanlary, bu problemalaryň ählisi hökumet uçin asla wajyp däl bolup çykdy.

https://www.youtube.com/watch?v=2ItIYVAz8xw&t=49s

Esasanda, Konstituçiyanyň kepili we döwletiň baştutany bolan adam, halkyň başyna inen bela-beteri, gaygy-hasraty, derdi deň paylaşmak uçin, halka ruhy we maddy goldaw bermek uçin şol gunlerde yeke yerde çykyş etmedi.

Halkyň başyna inen hasratly gunlerde Prezident nirede-di we näme bilen meşguldy? Diylen soragyň jogabyna duyn, biz tutuş halk bolup tomaşa etdik.

https://www.youtube.com/watch?v=AkFcpjvEINw&t=152s

Yurt läbige batyp yatyrka, halk öy-öwzarsyz, suwsyz, iymitsiz otyrka Haramdag Berdimuhammedow öz agtygy Kerim pökguje bilen bir tayçanaga bagyşlap goşgy duzup, saz yazyp, aydym öwrenyän ekeni.

Halkyň we yurduň göz-gulban agyr yagdayynda, eşek mesligini edip aydyma zowladyan bidöwletiň akly bir yerindemikä diyen sorag orta çykyar. Hakykatdanam, Akmak surer döwrany, akyl onuň hayrany diylen döwur Turkmenistanda hökum suryär.

Awtor: turkmenyurt

Senesi: 02 May 2019

Kategoriýalar: SYYASAT TÄZELIKLER