>
Turkmenyurttv

Gurbanguly Saud Arabystana Çagyrylmady

Автор: turkmenyurt

Дата: 01 Июн 2017

 H.Söyunow, Sweden.

Yakyn gunlerde Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystana eden resmi sapary wagtynda şol regionda yerleşen sunni musulman döwletleriniň yolbaşçylary bilen bir hatarda ilaty sunni musulman bolan Merkezi Aziya döwletleriniň-de prezidentleri D.Tramp bilen duşuşmak we tanyşmak maksady bilen çakylyk aldylar.

Diňe bir döwlet,has takygy G.Berdimuhammedow bu duşuşyga çagyrlmady. Has takygy, D.Tramp biziň diktatorymyz bilen duşuşmak we oňa el uzatmak islemedi. Munuň hem yeke-täk sebäbi,ol hem Turkmenstanda ynsan hukuklarynyň,konstituçiyanyň gödek bozulyanlygy, rayatlaryň bolsa Berdimuhammedowyň rejimi tarapyndan birehim yzarlanyanlygy bilen gönuden-göni baglanşykly.

Gözboyagçylyk uçin daşary syyasatda 25 yyllap ullanyp gelnen, açyk gapylar syyasaty,bitaraplyk statusy,demokratik döwlet we demokratik saylawlar we yene -yeneler, ne turkmen halkyny ne-de dunyä jemgyyetçiligini mundan buyana ynandyrmayar. S.Nyyazowa we G.Berdimuhammedowa yapja we perde bolup hyzmat eden Turkmenistanyň Demokratik partiyasy, Daşary işler ministrligi we ol ministrlige uzak döwur yolbaşçylyk eden Reşid Meredowyň yalan sözlerine indi ynanyan adamam, döwletem yok.

Keramatly Mekkä gideniň bilen, metjidiň işigini subseläniň bilen, hatda hajy bolup geleniň bilenem ne Haky ne-de Halky aldap bolmajagyny, Gurbangula durmuş doly subut etdi.

Автор: turkmenyurt

Дата: 01 Июн 2017

Категории: Новости Политика