>
Turkmenyurttv

Генералиссимус «Бердымухамедов» / Generalissimus Berdimuhamedow — Недельный Обзор Туркменистан

Автор: turkmenyurt

Дата: 24 Янв 2018

Недельный Обзор Туркменистан 23 Января 2018

TKM

Turkmenistanyň harby guyjuni we tayyarlygyny mahabatlandyrmak, harby biliminiň we harby duşunjesiniň asla yoklugyna garamazdan, islendik harby meselede özuni yeke-täk bilermen hökmunde alyp barmak, diktatoryň gundelik pişesine öwruldi.

Soňky gezek diktator, hamana harby uçaryň bilermeni hökmunde halkyň öňunde çykyş etdi. Görupçilik häsiyeti we çagalykda başa barmadyk arzuw-niyetleri,diktatora hemme işde we hemme hunärde ilden ökde yeke-täk adam diydirmek islegi bilen bir hatarda, durli ugurdaky hakyky bilermenleri we döwletiň durli pudak yolbaşçylaryny abraydan duşuryär.

Uruş-dawasyz oturan parahat watanymyzda, diktator halkara jemgyyetçiliginiň pikirine garşylyklayyn hereket etmek niyeti bilen, durli keşpdäki propaganda terroryny gunsayyn guyçlendiryär. Yurtda ak reňkden özge ulaglary surmek gadagan edilen pursatynyň yzysure diktator, gara maşyn munup il öňune çykyar.

Yewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda (OBSE), Turkmenistanyň rus dilli rayatlary barada berlen birnäçe soraglardan soň, «Neytralnyy Turkmenistan» gazeti ors atly awtorlaryň makalalary bilen petir bezelen yaly edildi.

Bu hereketler diňe bir zady, Turkmenistanda halkyň garşysyna dynuwsyz alnyp barylyan informaçion uruşyň yeňsesinde awtor we koordinator bolup, Berdimuhammedowyň hut özuniň duranlygyny görkezyär. Diktatoryň niyeti we gara maksady garaşsyz habar beriş çeşmelerinde Turkmenistan barada berilyän durli terzdäki maglumatlary we makalalary hilegärligik bilen yalana çykarmakdan ybarat.

RUS

Демонстрация военной мощи под личным руководством Бердымухамедова в роли летчика испытателя, даже при отсутствии образования и лётного стажа не что иное, как детские амбиции и эгоизм диктатора.

Ему «можно» быть главным везде и во всем, намеренно обезличивая специалистов и руководство страны. Но пока он неустанно борется с международным общественным мнением. После выпуска публикаций о запрете темных автомобилей в стране, тиран вдруг приехал с инспекцией на черном джипе.

После вопросов на заседаниях ОБСЕ о притеснении русскоязычного населения в стране, в газете «Нейтральный Туркменистан» запестрили статьи авторов с русскими фамилиями.

Бердымухамедов лично контролирует информационную войну и сам является стратегом, автором и координатором ложной информации, о которой печатают независимые СМИ, с целью опровергнуть и дискредитировать их на международном уровне.

Автор: turkmenyurt

Дата: 24 Янв 2018

Категории: Видео Новости Политика