Fewral ayynda Turkmenistanda nobatdaky Prezident saylawlary geçirilmeli. Häkimiyet başyndaky prezident bu wezipä özuni uçunji gezek dalaşgär edip görkezyär. Häzirki wagt kandidatlaryň saylawçylar bilen duşuşyklary başlandy.Geliň,biraz yza dolanyp geçen on yylyň dowamynda Berdimuhammedow halka beren wadalarynyň haysy birini berjay etdi, şoňa syn salyp göreliň. 2007-nji yylyň Prezident saylaw kampaniyasynyň öňusyrasynda Berdimuhammedow ilatyň hususy yaşayyş jaylaryny yumurmagy bes etmegi,soçial yeňillikleri saklap galmagy we saglygy saklayyş hem-de bilim pudaklaryny ösdurmegi saylawçylara wada beripdi. Berilen ol wadalaryň haysy biri iş yuzunde berjay edildi?
Prezident saylanan dessine, Berdimuhammedowyň permany bilen milletiň jaylary köpçulikleyin yykylyp başlandy we bu diydimzorluk häzirki gunlerem uznuksiz dowam edyär.Ilkibaşda ilatyň jay uymrulşygyny Aşgabadyň keşbini uytgetmek bilen baglanşdyran bolsalar,häzirki döwur hökumet öz bikanun herekelerini Aziada 2017 oyunlaryna görulyän tayyarlyk bilen duşundiryär. Adamlar gaty köp çykdajy edip özlerine gurunan jaylaryndan hem-de jaylaryň gapdalyndan gurulan goşmaça eywandyr-otaglaryndan,(köp halatda resmi rusgat hatyň barlygyna garamazdan), köpçulikleyin mahrum edildiler. Has beteri,Berdimuhammedow soňky yyllarda Nyyazow tarayndan gurlan duypli binalary hem yumrup olaryň ornuna täze binalary gurup başlady. Bärde, beyle tarhandökerlik nämä gerek diyen sorag yuze çykyar. Bu döwlet gaznasyndaky pullary öz yegenlerine we ilen-çalanyna degişli gurluşyk firmalarynyň usti bilen öz şahsy hasaplaplaryna geçirmek uçin yörute edilyän hilegärlik diyip duşundirse bolar. Häzirki döwur Turkmenistan lukgeligine Berdimuhammedowyň «maşgala potratyna» öwruldi.
Öz saylaw kampaniyasynda Berdimuhammedow soçial yeňillikleri ilata kepil geçipdi.Emma iş yuzunde 10 yylyň dowamynda nämeler bolup geçdi? 2007-nji yyldan bäri benziniň bahasy birnäçe esse gymmatlady. Owal benziniň bahasy 400 manat (7,5 çent) bolan bolsa häzir bir litr benziniň bahasy 1 manat, yagny,(40 çent) boldy. Ustesine, ilata mugt berilyän benzin hem yatyryldy.Netijede, ilatyň transport harajaty köpelip ol Nyyazow döwrundäkisinden-em has beter boldy. Yöne,bularam Gurbangula az görnen bolmaga çemeli,ol Halk Maslahatynyň eli bilen ilaty mugt gazdan,elektrik togundan we mugt suwdan doly mahrum etdi. Owal ilat bu agzalanlaryň belli bir mukdaryny mugt alyp galany uçin öz jubusinden töleg eden bolsa, indi ol soçial yeňillikleriň hiç birisi yok.
Konstituçiyany uytgetmek bilen Berdimuhammedow özuni muynli duyanok.Lezzetli durmuşa hak we hukuk diňe onuň özune,dogan-garyndaşyna we öz tohum-tijine berlendigine ol asla şubhelenenok. Berdimuhammedowyň maşgala durumy, tutuş turkmen milletinden tapawutlylykda soçial kömege we döwlet goldawyna mätäç ya-da zar däl.